Habarlar

YNSAN SAGLYGY — BAŞ BAÝLYK

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikdäki meýilnamasynyň çäginde welaýatymyzda wagyz-nesihat häsiýetli çäreler geçirilýär. Ýakynda Gökdepe etrabyndaky pagta egriji kärhanasynyň mejlisler jaýynda geçirilen maslahat hem şeýle çäreleriň biri boldy. Ony Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölümi hem-de welaýatyň saglygy goraýyş müdirligi bilelikde gurady.

Habarlar

“Türkmenistan - rowaçlygyň Watany” ýylynyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň taryh we arheologiýa instituty bilen bilelikde gurnamagynda institutyň mejlisler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Türkmen bedewi asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli” atly maslahat geçirildi.

Nurana döwrüň şuglasy

     Düýn Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Aşgabat şäher häkimliginiň Zenanlar bölüminiň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli «Rowaçlyk ýoly täze zähmet üstünliklerine tarap» atly sergi hem-de wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

AJAÝYP DÖWRÜŇ WASPY

   Ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda «Ajap döwri peşgeş berdiň Arkadag» diýen at bilen geçirilýän aýdym-sazly bäsleşigiň Bagtyýarlyk etrap tapgyry ruhubelentlige beslendi. Häkimligiň mejlisler jaýynda geçirilen çärä orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyp ýaşlar, häkimligiň işgärleri gatnaşdylar.

ROWAÇ TUTUMLAR ÖSÜŞLERE BADALGA

      Üstümizdäki ýyly şygaryna laýyk dabaralandyrmak maksady bilen, golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Şäher häkimliginiň, zenanlar guramasynyň, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlarynyň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Baş baýlygyň şanyna

Türkmen halky asyrlarboýy dünýäniň durkuna deňelýän gelin-gyzlary başyna täç edip, zenan mertebesini beýgeldip gelýär. Pederlerimiziň bu asylly ýörelgelerini döwrebap dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyz hem mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza sylag-sarpa goýmagyň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda gelin-gyzlarymyzyň mähir-alada bilen gurşalmagy, olara çäksiz hormat goýulmagy biziň her birimiziň göwnümizi galkyndyryp, maşgalada, jemgyýetde we döwletde parahatçylygyň, asudalygyň üpjün edilmegine ýakyndan ýardam etmegimize ruhy güýç berýär.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com