Habarlar

Zeminiň zynaty-zenan

Žurnalistiň iň ýatda galýan pursatlary haýsydyr bir edara-kärhana ýa-da etraba, şähere baryp, şol ýerde işleýän, ýaşaýan adamlar, zenanlar bilen döredijilik duşuşyklaryny geçiren günleridir diýip, pikir edýärin. Sebäbi ozal saňa tanyş bolmadyk adamlar bilen tanyşmak, olar bilen ýüzbe-ýüz bolup, hal-ahwallary, ýaşaýyş-durmuşlary, gündelik aladalary, şatlyklary, geljekki meýilnamalary bilen tanyşmak, olaryň ykbalyna az-kem bolsa-da, dahylly bolmak žurnalistler üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr.

Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ýene bir ajaýyp eser — «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitap türkmen halkyna Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk toýy mynasybetli uly sowgat boldy. Kitabyň ilkinji tanyşdyrylyş dabarasy Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda bolup geçdi. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşulular, medeniýet we sungat işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bäsleşik ökdäni saýlar

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden döredijilik bäsleşigi hem iň ökdeleri öňe saýlady. Ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň mer­kezi edara binasynda gözel paýtagtymyzda ilkinji gezek geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanyp yglan edilen bu döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Edara binasynyň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bada-bat ünsüňi çekýär.

ZENAN BAR ÝERINDE GÖZELLIK BAR

Baharly etrabyndaky medeniýet öýünde Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasynyň, şeýle-de welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda «Zeminiň zynaty —zenan» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa döredijilik işgärleri, edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän ze­nanlar, mährem eneler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň jemgyyetçilik guramalarynda

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaş çylygynda bagtýyar zamanamyzda türkmen gelin-gyzlaryna, zenanlara goýulýan sarpa has-da belent derejelere göterilýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan işlerde hem gelin-gyzlaryň, zenanlaryň mertebesiniň  yokarydygyny görmek bolýar.

Garaşsyzlyk aýdymy

Şu günler toý lybasa beslenen ähli künjeklerinde şanly Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk toýunyň dabaralary diňden tutylýar. Bu toý gününe bagyşlanan dabaralarda Watanyň şan-şöhraty has-da belende galýar. Aýdym-sazlar Watanyň şanyna ýaňlanýar, şygyrlarda beýik ösüşleriň waspy ýetirilýär.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com