Habarlar

Bagtdan paýly zenanlar

Bu gün Beýik Ýüpek ýoluna ýürek bolan ata Watanymyzyň goýnundan dünýäniň çar künjegine dostluk salamy, türkmen köňlüniň kelamy ýaýraýar! Bu gün türkmeniň goşa tary bagtyýarlygy wasp ede-ede saýraýar, toýlarda hatar-hatar toý gazanlary gaýnap, ilimiz bagt deňzini boýlaýar! Ine, şeýle zamana bagta ýarlyk, bagtyýarlyk zamanasy diýilýär! Ine, şeýle döwürlerde ynsanlaryň kalbyna ylham bulagy guýulýar, jahana hoşniýetlilik, ynsansöýüjilik nury çaýylýar.

Maşgala gymmatlyklary rowaçlanýar.

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilelikde «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi — sagdyn maşgala gymmatlyklarynyň rowaçlanýan ýyly» atly maslahat geçirdi.

Maslahata ýurdumyzyň saglyk, bilim ulgamlarynda we jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.

GARAŞSYZ, HEMIŞE BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ENELERINE, ÄHLI GELIN-GYZLARYNA

Eziz eneler!

Mähriban gelin-gyzlar!

Sizi göwünlere ylham berýän, galkynyşyň we juwanlygyň nyşany bolan ajaýyp bahar paslynda giňden bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

KÖP ÇAGALY ENELERE SOWGAT

  7-nji martda Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dabaraly çäreler geçirildi. Şol dabaralaryň çäklerinde sekiz hem-de şondan hem köp perzendi dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan eneleri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sarpalamak çäreleri guraldy, köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze öýleriň açarlary gowşuryldy.

BAGTYÝAR ZENANLAR - WATAN BUÝSANJY

Türkmen halky müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhynyň bütin dowamynda zenanlara, gelin-gyzlara uly hormat, sylag-sarpa goýupdyr. Bu asylly ýörelge Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Ýylyň-ýylyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan olara pul sowgatlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

BAGTYÝAR GYZLAR BÄSLEŞDILER

Geçen sişenbe güni TMÝG-niň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän «Talyp gözeli 2018» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry boldy. Oňa ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdeplerinden gelen halypa mugallymlar, talyp ýaşlar, döredijilik we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com