Habarlar

ВЕЧНО ПРОСЛАВЛЯТЬ ЖЕНЩИНУ, ЧЬЁ ИМЯ – МАТЬ!

В череде праздничных событий, посвящённых Международному женскому дню 8 Марта, особое место всегда занимает торжество во славу женщины-матери. Отдавая дань огромного уважения многодетным матерям, признавая их заслуги в достойном воспитании детей, в нашей стране по инициативе лидера нации Гурбангулы Бердымухамедова было учреждено почётное звание «Ene mähri». Это знаковое событие навсегда будет вписано золотыми буквами в летопись эпохи могущества и счас­тья независимого нейтрального Туркменистана.

IŞIN NETIJELILIGI GAZANYLÝAR

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda zenanlara goýulýan sarpa örän belentdir. Çünki zenanlar ýurdumyzy durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmäge, maşgala ojagyny abat saklamaga, sagdyn nesli kemala getirmäge, ýaşlarda milli ruhy gymmatlyklarymyza söýgi döret- mäge, olary Watanymyza, hormatly Prezidentimize, halkymyza wepaly adamlar edip ýetişdirmäge saldamly goşant goşýarlar. Biz hem etrap zenanlar guramamyzyň işini kämiileşdirmäge, geçirýän işlerimiziň netijeliligini gazanmaga çalyşýarys. Häzir etrap zenanlar guramamyz ilkinji guramalaryň 26-syny özüne birleşdirýär.

AK ÝOLLARYŇ RÖWŞENI

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda döwletimizde ilatyň saglygyny goramaga uly üns berilýär. Sebäbi, adamlaryň sagdyn durmuşy hemişe in wajyp meseleleriň biridir. Zyýanly endiklere garşy göreşmek, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işleri bütin dünýäde giň goldaw tapýar. Muny öz hatarynda 45 döwleti jemleýän sport guramasynyň-Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň biziň ýurdumyza uly ynam bildirip, 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky karary kabul etmegi bilen hem düşündirmek bolýar.

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI

Ýakynda üstümizdäki ýylyň ''Saglygynyň we ruhubelentligiň ýyly'' diýip yglan edilmegi mynasybetli Atamyrat şäheriniň medeniýet merkezinde“Sagdyn jemgyýet-berkarar döwlet“ atly wagyz –nesihat çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap Zenanlar guramasynyň bilelikde guran bu çäresine edara-kärhanalaryň işgärleri,jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular gatnaşdylar. Sagdynlygyň bar ýerinde ruhubelentlik, durmuşa höwes möwç urýar, kämil jemgyýet kemala gelýär.

BAGTYÝAR DURMUŞYŇ BEZEGI

Golaýda paýtagtymyzdaky «Bagt ýoly» toý mekanynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany — 2017» atly bäsleşiginiň paýtagtymyzyň Berkararlyk etrap tapgyry geçirildi. Bu bäsleşige etrabyň düzümine girýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Täsirli geçen bäsleşikde zenanlar dürli ugurlar boýunça özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bagtyýar zenanlar öz çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýeňişleriniň, ata Watanymyzda gazanylýan ägirt uly tutumlarynyň, ruhubelent durmuşymyzyň waspyny ýetirdiler.

BARHA DABARALANÝAR

Hormatly Prezidentimiziň yglan eden Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly tutumly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda biziň welaýatymyzda hem sport çäreleridir bäsleşikleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com