Habarlar

BAGTYÝAR DURMUŞYŇ BEZEGI

Golaýda paýtagtymyzdaky «Bagt ýoly» toý mekanynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany — 2017» atly bäsleşiginiň paýtagtymyzyň Berkararlyk etrap tapgyry geçirildi. Bu bäsleşige etrabyň düzümine girýän edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Täsirli geçen bäsleşikde zenanlar dürli ugurlar boýunça özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bagtyýar zenanlar öz çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýeňişleriniň, ata Watanymyzda gazanylýan ägirt uly tutumlarynyň, ruhubelent durmuşymyzyň waspyny ýetirdiler.

BARHA DABARALANÝAR

Hormatly Prezidentimiziň yglan eden Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly tutumly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda biziň welaýatymyzda hem sport çäreleridir bäsleşikleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com