Habarlar

Wagyz-nesihat çäresi

Etrek etrap bilim bölüminde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap geňeşiniň, Ylym, bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap geňeşiniň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Zenan bagtyýarlygy—Watan abadanlygy

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Esenguly etrap geňeşi, etrap medeniýet bölüminiň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasy bilen bilelikde «Zenan bagtyýarlygy—Watan abadanlygy» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdik. Oňa medeniýet ulgamynda zähmet çekýän zenanlar, mährem eneler, ýaşlar gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler durmuşda zenanyň tutýan orny barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ene mukaddesligini, zenan sarpasyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Halyçy zenanlar bäsleşdiler

Golaýda Daşoguz şäherindäki aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti pähim-paýhasyndan joşup çykan «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly kitaplary esasynda ýurdumyzyň halyçy zenanlarynyň arasynda guralýan «Arkadagyň ylhamynyň nury sen, gözellik dessany türkmen halysy» atly baýramçylyk bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Sagdyn jemgyýet — berkarar Watan

Şeýle at bilen golaýda Köneürgenç etrabynyň Medeniýet merkeziniň mejlisler zalynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ony Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap we şäher guramalary etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guradylar.

“Zenan mertebesi”

2020-nji “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň bilelikde gurnamaklarynda “Zenan mertebesi” atly duşuşyk maslahaty geçirildi.

Habarlar

“Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, şeýle hem berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän ylham çeşmelerinden ugur alyp,  Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamaklarynda “Dilde sena waspyň türkmen bedewi!” atly dabaraly gepleşik ýazgysy geçirildi.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com