Ýakynda üstümizdäki ýylyň ''Saglygynyň we ruhubelentligiň ýyly'' diýip yglan edilmegi mynasybetli Atamyrat şäheriniň medeniýet merkezinde“Sagdyn jemgyýet-berkarar döwlet“ atly wagyz –nesihat çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap Zenanlar guramasynyň bilelikde guran bu çäresine edara-kärhanalaryň işgärleri,jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular gatnaşdylar. Sagdynlygyň bar ýerinde ruhubelentlik, durmuşa höwes möwç urýar, kämil jemgyýet kemala gelýär.