Habarlar

ÝYLYŇ ZENANY

   Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Ge­ňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň şäher-etrap tapgyrlaryna giň gerim berildi. Gahryman Arkadagymyzyň zenanlara goýýan sarpasyna jogap etmek we zenanlaryň hünär başarnygyny, ukybyny açyp görkezmek maksady bilen yglan edilen bäsleşigiň Kaka etrap tapgyry hem guramaçylykly häsiýete eýe boldy.

Ajaýyp ýylymyza bagyşlanan çäreler ajaýyp ýylymyza bagyşlanan çäreler

DABARASY DÜNÝÄ DOLÝAN DIÝARDA

MIRASLY MIZEMEZ

    Ýakynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bi­le­lik­de gu­ra­mak­la­ryn­da, «Ha­ly — türkmeniň gadymy hem müdimi sungaty» diýen at bilen maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilen bu maslahat, türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESK O-n y ň A d a m z a d y ň mad d y d ä l medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen baglanyşykly şatlykly wa­ka, «Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň mekany» ýylymyza bagyşlandy.

DÖREDIJILIKLI ZÄHMETIŇ JOŞGUNY

   Ýurdumyzyň zenanlary 2020- nji ýyly joşgunly zähmet bilen girişdiler. Munuň şeýledigini düýn Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň guramagynda geçirilen «Bitaraplyk binýady — geljegimize badalga» atly duşuşyk-maslahat ýene bir ýola aýdyň­lygy bilen görkezdi. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanyp geçirilen çärä dürli ulgamlarda zähmet çekýän işjeň zenanlaryň ençemesi gatnaşdy.

Искусство, живущее в веках

    В Ашхабаде в Центре общественных организаций Туркменистана состоялся маслахат, посвящённый внесению традиций туркменского искусства ковроделия в Репрезентативный список нематериального культурного наследия человечества ЮНЕСКО. Мероприятие организовано совместно Союзом женщин и Национальным центром профсоюзов Туркменистана. К маслахату была приурочена тематическая выставка, на которой представлены картины туркменских художников и ковровые изделия, выполненные искусными руками туркменских женщин.

Arkadagly Diýarda

Ajaýyp ýurdumyzda agzybir, zähmetsöýer halkymyzyň hoşniýetli ýagşy arzuwlar bilen garşy alan Tä­ze — 2020-nji ýy­ly «Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň mekany» diýlip yglan edildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy giňden bellenip geçiljek ýylymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň iň bir düşümli, rysgal-döwletli we taryhy wakalara baý ajaýyp ýyllaryň biri boljakdygyna, biz tüýs ýürekden ynanýarys. Çünki Arkadagly Diýara ýyllar bagt bolup gelýär.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com