Habarlar

ЛУЧШИЕ ЖЕНЩИНЫ-УЧЁНЫЕ

определены по итогам кон­курса, который прошел в нашей стране в посвящение Дню нау­ки. Это научное состязание яв­ляется совместной инициативой отечественной Академии наук и Союза женщин Туркменистана и проходит ежегодно, вовлекая в свой круг женщин, активно занимающихся наукой.

AÝDYŇ ÝOL-ÝORELGELER

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2018-­nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygaryna beslenmegi ata­babalarymyzyň, ene­mamalarymyzyň geçmişde nesillerimize nusgalyk goýan işlerini içgin öwrenmeklige giň ýol açýar. Halkymyzda «Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz» diýlen pähim bar. Bu, dogrudanam, şeýle. Geçmişimize nazar aýlanymyzda türkmen halkynyň zähmetsöýer, merdana, dörediji, şahandaz halk bolandygyna göz ýetirýäris.

ÇEPER ELLI ZENANLAR BÄSLEŞDILER

Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň içinde halydyr keçelerimiz aýratyn orny eýeleýär. Çeper elli gelin-gyzlarymyzyň ýiti zehininiň, yhlasynyň hem-de päk arzuw-islegleriniň miwesi bolan bu önümlerde şan-şöhrata beslenen taryhymyz, türkmen tebigatynyň ajaýyplyklary öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe kökleri asyrlaryň jümmüşine siňip gidýän milli mirasymyzy täze röwüşde ösdürmäge, ony dünýä ýaýmaga uly üns berilýär.

Zenan waspy

Magtymguly etrabyndaky 19-njy orta mekdepde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň şäher geneşi we beýleki jemgyýetçilik guramalary  bilen bilelikde «Zenan waspy» atly wagyz-nesihat çäresini guradyk. Oňa dürli ulgamlarda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar.

Göllere siňen nepislik

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmen haly» önümçilik birleşigi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde «Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary» atly söhbetdeşlik geçirdi. Onda berkarar döwletimiziň bagtyýar zenanlarynyň jemgyýetçilik durmuşynda, önümçilikde, maşgalada tutýan orny barada giňişleýin gürrüň edildi.

Täzelikler

Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015—2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyndan hem-de bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alnyp, etrapdaky 11-nji orta mekdepde geçirilen maslahat “Ahlak arassalygy — ruhy tämizlik” diýlip atlandyryldy. TDP-niň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň hem-de TMÝG-niň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen wagyz-nesihat häsiýetli bu maslahata ýaş bilim işgärleri gatnaşdy.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com