Habarlar

BUÝSANJA BESLENEN MASLAHAT

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda Türkmenistan—rowaçlygyň Watany ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we welaýat bölüminiň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda maslahat geçirildi. «Arkadagly rowaç Watanyň buýsançly zenanlary» ady bilen geçirilen maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän zenanlar, mährem eneler, ýaşlar gatnaşdylar.

TÄSIRLI GEÇEN MASLAHAT

Ýakynda Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşi bilen Bilim ministrliginiň bilelikde guramaklarynda terbiýeçilik ähmiýetli maslahat geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdebiniň talyp gelingyzlary, professor-mugallymlar, hukuk goraýjy, saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri, mährem eneler gatnaşdylar.

“BAKYLYGA ÖWRÜLEN MERTLER TÜRKMEN ÝAŞLARY ÜÇIN GÖRELDE MEKDEBIDIR” ATLY MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli “Bakylyga öwrülen mertler türkmen ýaşlary üçin görelde mekdebidir” atly maslahat geçirildi.

Gyz gözelligi sandykda

ÇEPER ELLI HALYÇYLARYŇ USSATLYGY

Bäherden etrabyndaky çeper halyçylyk kärhanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden «Haly türkmen halkynyň gadymy hem müdimi sungatydyr» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli halyçy gelingyzlaryň arasynda geçirilýän bäsleşigiň nobatdaky tapgyryny Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi we Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi bilelikde gurady.

HALYÇYLAR BÄSLEŞDILER

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden «Haly türkmen halkynyň gadymy hem müdimi sungatydyr» atly hünär bäsleşiginiň welaýat tapgyry jemlendi.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com