Habarlar

ENE MUKADDESLIKDIR WE DÖWLETLILIKDIR

Golaýda Oguzhan şäherçesiniň merkezinde ýerleşýän «Nowça» çagalar bagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym—mukaddeslige tagzym» kitaby boýunça «Dünýäniň bar görki enedir-ene» ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Çärede TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy K. Hojamyradow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni J. Şiriýewa, etrap zenanlar birleşmesiniň başlygy G. Jumaýewa çykyş etdiler.

ÝYLYŇ ZENANY

Şu günler Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň şäherdir etrap tapgyrlary welaýatymyzda guramaçylykly geçirilýär. Oňa halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşyp, jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda alyp barýan işleri boýunça ukyp-başarnygyny görkezýärler.

ZENANLAR MERTEBELENÝÄR

Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň her bir güni şanly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Üstümizdäki ýylyň oktýabr aýynda türkmen wekiliýeti Ženewa şäherine saparyň dowamynda Parlamentara Bileleşigiň 139-njy Assambleýasynyň çäklerinde geçirilýän Zenan parlamentarileriň forumuna gatnaşdy.

TÄZE ÝYL ARÇASYNYŇ ŞOWHUNY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzda toýlanýan baýramçylyklar uly şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. Ajaýyp toýdur baýramlar mynasybetli guralýan aýdym-sazly dabaralar bolsa, ruhubelentlige beslenýär. Ine, şeýle dabaralaryň biri hem Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Tejen şäherindäki «Bagt ýoly» toý mekanynda Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň hem-de welaýatyň Zenanlar bölüminiň, Tejen şäher häkimliginiň bilelikde guramaklarynda boldy.

«ROWAÇLYGYŇ WATANY» ATLY DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň «Türkmenistan - rowaçlygyň Watany» diý/ip atlandyrylmagy mynasybetli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde dabaraly maslahat geçirildi. «Rowaçlygyň Watany» atly dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilelikde gurady. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän kärdeşler arkalaşyklarynyň işeňňir agzalary, öňdebaryjy gelin-gyzlar we ak gyňaçly mährem eneler gatnaşdylar.

GENDER DEŇLIGI ZENANLARYŇ DURMUŞYNDA

Halk arasynda bir söz bar: «Durmuşda bir mesele çözmeli bolsa, zenan ilki duýgusyna, erkek kişiler bolsa, akylyna daýanýar» diýilýär. Meniň pikirimçe, bu zenanyň duýga, mähre has baý bolanlygy üçin şeýledir. Sebäbi, «Enä dünýäniň gözbaşy, ýaşaýşyň başlangyjy» diýlip, ýöne ýere aýdylanok. Ene dünýä jan getirip bilýänligi üçin hem mukaddesdir. Şonuň üçin dünýäniň öňdebaryjy adamlary ene, zenana hormat goýmagy edepliligiň, medeniýetliligiň, adamkärçiligiň iň ýokary nusgasy hasaplaýarlar.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com