Habarlar

ZENAN MERTEBESI DÖWLET SYÝASATYNDA

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby türkmen zenanlarynyň mertebesini has-da beýgelden, örän çeper hem tolgundyryjy durmuş wakalary be- ýan edilip ýazylan ajaýyp publisistik eserdir. Bu kitapda durmuşyň hakyky keşbi bar. Halkymy zyň ruhy durmuşynda zenanyň, enäniň mukaddes orny baradaky dana pikirler bar.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşinde mähriban Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby ýurdumyzda zenan mertebesiniň belentligini has çuňdan açyp görkezýän wagyz işlerini alyp barmakda täze badalga boldy.

Ýörän ýoly ýörelge, eden işi nusgalyk

Golaýda welaýatymyzda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseriniň esasynda «Ýörän ýoly ýörelge, eden işi nusgalyk» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen işjeň zenanlar, kümüş saçly eneler dabaraly garşylandy. Welaýat häkimliginiň giň eýwanynda guralan milli lybaslaryň, el işleriniň, şaý-sepleriň, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininň önümi, bolan gymmatly kitaplarynyň sergileri, şekillendiriş sungatyna degişli eserler maslahata gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

GENDER SYÝASATY IŞJEŇ ALYNYP BARYLÝAR

Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi ýurdumyzda her bir adamyň we raýatyň hukuklaryny amala aşyrmaga, adalatly jemgyýetde bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

ENE MUKADDESLIGI ÝÜREKLERDE ÝAŞAÝAR

Enäni hormatlamak, enäniň mertebesini belentde saklamak halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biridir. Olaryň göreldesi, ýol-ýörelgesi hemişe nesillere mekdep bolup durýar. Şonuň üçin ene mukaddeslikleriň hatarynda sarpalanýar. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseriniň halkymyza sowgat edilmegem ýakymly wakalaryň üstüni ýetirdi.

ZENANLARYŇ HÜNÄR USSATLYGY

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden «Bitin çörek — bitin rysgal» atly bäsleşigiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyrynda welaýatymyzdan gatnaşan zenanlar — Gökdepe etrabynyň ýaşaýjylary Oguljemal Artyklyýewa hem-de Hallygözel Annaorazowa baýrakly birinji orna mynasyp boldular. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly gymmatly kitaby esasynda guralan bäsleşigiň bu tapgyry Daşoguz welaýatynda geçirildi.

MYHMANSÖÝERLIGIŇ ASYLLY NUSGASY

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

— Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçinem ene iň mähriban we mukaddes ynsandyr. Eneler biziň üçin ähli baýlyklaryň seresidir. Olar ýanymyzdaka dünýämiz doludyr.

 

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com