Habarlar

HALYÇYLAR BÄSLEŞDILER

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden «Haly türkmen halkynyň gadymy hem müdimi sungatydyr» atly hünär bäsleşiginiň welaýat tapgyry jemlendi.

“SAGDYN JEMGYÝET – BAGTYÝARLYGYŇ KEPILI” ATLY WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Hukuk goraýjy edaralaryň bilelikde bilelikde guramagynda “Sagdyn jemgyýet – bagtyýarlygyň kepili” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Gyzykly geçen bäsleşik

Ýakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Ajap döwri peşgeş berdiň, Arkadag!» atly bäsleşiginiň Balkan welaýat Türkmenbaşy etrap tapgyry geçirildi. Zenanlar guramasynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň guramagynda geçirilen bu bäsleşik örän gyzykly boldy.

Zenan kalbynyň mähri

Ýakynda Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgünde «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Ajap döwri peşgeş berdiň Arkadag» diýen at bilen geçirilen bäsleşigiň şäher tapgyry üstünlige beslendi. Gyzykly bäsleşikde ata Watanymyzyň, eziz Arkadagymyzyň beýik işleriniň waspy belentden ýaňlandy.

YNSAN SAGLYGY — BAŞ BAÝLYK

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikdäki meýilnamasynyň çäginde welaýatymyzda wagyz-nesihat häsiýetli çäreler geçirilýär. Ýakynda Gökdepe etrabyndaky pagta egriji kärhanasynyň mejlisler jaýynda geçirilen maslahat hem şeýle çäreleriň biri boldy. Ony Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölümi hem-de welaýatyň saglygy goraýyş müdirligi bilelikde gurady.

Habarlar

“Türkmenistan - rowaçlygyň Watany” ýylynyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň taryh we arheologiýa instituty bilen bilelikde gurnamagynda institutyň mejlisler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Türkmen bedewi asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli” atly maslahat geçirildi.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com