Habarlar

SENIŇ ELIN HÜNARI

«Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Esenguly çeper halyçylyk kärhanasynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Seniň eliň hünäri gezsin iIden-illere» ady bilen geçirilen aýdym-sazly dabara baýry halyçylar, gelin-gyzlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Welaýat zenanlar bölüminiň giňişleýin maslahaty MÄKÄM MAŞGALA — MÄKÄM BAŞ GALA

Türkmenistan — rowaçlygyň Watany ýylymyz mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan Mary şäher iç keselleri hassahanasynyň ýygnaklar zalynda «Arkadagly rowaçlanýan Watanyň bagtyýar zenanlary» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Küşt depip,gazal çekildi hazaryň kenarynda

     Türkmenistan—rowaçlygyň Watany ýyly mynasybetli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Küşt depip, gazal çekeliň rowaçlanýan Diýarda!» atly dabaraly çäre geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň: «Milli tans döredijiligini küştdepdisiz göz öňüne getirmek mümkin däl.«Küştdepdi» tansy türkmen sungatynyň özboluşly çeper keşbi-idealydyr.

Alkyş Size,Arkadag!

 

Rowaçlyk ýoly bilen

    Halkymyz asyrlaryň dowamynda özboluşly maddy we ruhy medeniýetini hem-de milli mirasyny nesillere geçirip, aýawly saklap gelipdir. Milli mirasymyzyň özboluşlylygy, gözelligi gadymdan gelýän şadessanlarymyzda, şekillendiriş sungatynda, milli binagärlik ulgamynda, halyçylykda, zergärçilikde, keçe we palas önümleriniň taýýarlanylyşynda, ýüpekçilikde, milli egin-eşiklerde, gelin-gyzlarymyzyň şaý-seplerinde, aýdym-sazlarymyzda, tanslarymyzda, toý dabaralaryny geçirmegiň däp-dessurlarynda özüniň beýanyny tapýar.

HABARLAR

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramaklarynda «Ajaýyp döwri peşgeş berdiň, Arkadag!» ady bilen yglan edilen bäsleşiginiň welaýat boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan gelingyzlar gatnaşdylar.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com