Habarlar

Ahlak terbiýesi — ynsan gözelligi

Sarahs etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda “Ahlak terbiýesi — ynsan gözelligi” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, mekdepleriň ýokary synp okuwçy gyzlary hemde mährem eneler gatnaşdy.

Ar­ka­dag tag­ly­ma­ty — ösüşler ýoly

Şu günler welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň guramagynda welaýatymyzyň şäherdir etraplarynda wagyz-nesihat duşuşyklary giň gerimde geçirilýär.

HALY — TÜRKMENIŇ NEPIS SUNGATY

Ýakynda Änew şäherindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýinde “Arkadag saýasynda ady dünýä dolan türkmen halysy” atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Ahal welaýat zenanlar bölüminiň, Türkmen halysynyň Milli muzeýiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata welaýatymyzyň işewür zenanlary, halyçylar, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, dürli kärde işleýän gyz-gelinler, mährem eneler, şeýle-de beýleki hormatly myhmanlar gatnaşdy.

DU­ŞU­ŞYK GE­ÇI­RIL­DI

TMÝG-niň Bäherden etrap Geňeşi etrap bilim bölümi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi bilen bilelikde etrapdaky 4-nji, 26-njy, 29-njy orta mekdeplerde zähmet çekýän mugallymlaryň, şeýle hem ýokary synp okuwçy gyzlaryň arasynda «Gyzly öý — gyzylly öý» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny gurady. Mekdeplerde geçen wagyz-nesihat çärelerinde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem mährem eneler ýaşlaryň edep-ekramy, maşgala gymmatlygy, zähmetsöýerlik, ata Watanymyza wepaly nesil bolup ýetişmekleri barada çykyş etdiler.

Gyz edebi—gözellik

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, jemgyýetimizde gelin-gyzlarymyza goýulýan sarpa, zenanlar barada edilýän alada ata-baba ýol ýörelgelerimizden, milli däp-dessurlarymyzdan ugur alýar.

Bagtdan paýly zenanlar

Mukaddes ojaklaryň bezegi bolan zenanlaryň mertebesini belent tutmak nesilden-nesle geçip, bagtyýarlyk döwrümizde has-da rowaçlanýan asylly ýörelgämizdir. Milli ýörelgelerimizi dabaralandyrmakda, agzybirligimizi pugtalandyrmakda, gadymy mirasymyzy, däp- -dessurlarymyzy ýaş nesillere öwretmekde, kä- milleşdirmekde, ýaş nesli halal, zähmetsöýer, watansöýüji ruhda terbiýelemekde zenanlarymyzyň tutýan orny örän uludyr.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com