Habarlar

ROWAÇLYKLARYŇ NUSGALYK ÝOLY

Paýtagtymyzyň nusgalyk keşbini synlap barşyňa, Halkara howa menziline ýeteniňem duýman galýarsyň. Şol pursat säheriň serginligi siňen bagy-bossanlyk hasam göwnüňi göterýär. Arassa asmana sary ganat ýaýan «Boingiň» aýnasyndan Aziýanyň merjen şäheri diýlip ykrar edilen gözel Aşgabat mähriban Arkadagymyzyň ajaýyp eseri bolup görünýär. Paýtagtymyzyň täsin binagärlik gurluşy mukam bolup kalplara ýol salýar, owadan nagyş kimin ýüreklere ornaýar, öň hiç bir ýerde duş gelmedik nepis şaý-sepler ýaly gözüňi gamaşdyrýar. Şol lezzetli pursatlar seni topbak- topbak ak bulutlaryň goýnuna atarýar.

DOKMAÇY ZENANLARYŇ DÖWRESINDE

Düýn paýtagtymyzdaky Ruhabat dokma toplumynda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň çeper elli zenanlary» atly bäsleşik ýurdumyzyň dokma toplumynyň beýik ösüşleriň ýolundadygyny ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Halkara Zenanlar güni mynasybetli geçirilen bäsleşigi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Dokma senagaty ministrligi bilelikde guradylar. Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, onda Aşgabat şäherinden hem ýurdumyzyň welaýatlaryndan deslapky tapgyrlaryň ýeňijisi bolan tikinçi zenanlar özara bäsleşdiler.

ÝYLYŇ ZENANY

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän ýylymyzda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigi täze many-mazmuna eýe bolýar. Munuň şeýledigine Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen bu bäsleşigiň welaýat tapgyry aýdyňlygy bilen aýan etdi.

ZENAN MERTEBESI BELENTDIR

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda agzybir türkmen halkymyzyň erkana durmuşda ýaşamagy ugrunda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan döredilýän mümkinçilikler kalplary egsilmez buýsanja besleýär. Hutşu mynasybetli geçirilýän täsirli ýygnaklardyr maslahatlar bolsa, özüniň ýokary many-mazmuna baýlygy bilen tapawutlanýar. Munuň şeýledigini, Tejen şäheriniň döwrebap Medeniýet öýünde geçirilen maslahatda hem aýdyň görmek boldy.

DURMUŞ ABADANÇYLYGYNYŇ HATYRASYNA

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikdäki meýilnamasy esasynda yglan edilen biraýlygyň çäklerinde, golaýda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Altynýol geňeşligindäki oba medeniýet öýünde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. TZB-niň welaýat bölüminiň, Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, welaýat onkologiýa hassahanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bu maslahata şäher, etrap zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary, mährem eneler gatnaşdylar.

Türkmenistan rowaçlygyň watany

2019-njy ýylyň 20-nji fewralynda, “Türkmenistan rowaçlygyň watany” ýylynda, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Ruhabat dokma toplumynda, Türkmenistanyň Zenanalar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem- de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden “Bagtyýarlyk döwrüniň çeper elli zenanlary” atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com