Makalalar

Bagtyýarlyga badalga

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz tarapyndan kabul edilýän Kararlardyr Permanlar ýurdumyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň eşretli günleriň hözirini görüp, bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilendir. Ýurt Baştutanymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň 1-nji sentýabryndan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäreler toplumyna badalga berilmegi hem halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilip geçirilýän işleriň bimöçberdigine şaýatlyk edýär. 

Belent maksatlary nazarlap

Berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan döwletli işler özüniň çuň many-mazmuny bilen tapawutlanýar. Giň gerim alýan bu asylly işler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, milli bähbitleri we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilýär. 

Sagdyn maşgala»

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary Diýarymyzda ynsan saglygyny berkitmekde, beden taýdan berk we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli terbiýelemäge gönükdirilendir. Diýarymyzyň haýsy künjüne, haýsy pudagyna ser salanyňda, saglyk hem-de sport ulgamyna gönükdirilen aladalar örboýuna galýar. Arkadagymyzyň sporty ösdürmekde, ony durmuşa giňden ornaşdyrmakda alyp barýan tutumly işleri sagdyn jemgyýeti, sagdyn nesli kemala getirýär, bu babatda ýaşlara uly ynam bildirilýär. Sport — täsin dünýä.

Ösüşli menziller

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň her bir güni uly tutumlara beslenýär. Ýurt abadan, il agzybir bolanda, durmuş ajaýyplaşyp, pursatlar şatlyk-şagalaňa, aý-günler bolsa toý-baýramlara utgaşýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde halkymyz bagtly döwürde ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen durmuşymyzyň dürli ulgamlarynda, şol sanda ylymda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylyp, uly üstünlikler gazanylýar. «Ylymly il ozar» diýlip, ýöne ýere aýdylan däldir. Çünki ylym ähli ösüşleriň seresi.

Bagt – sagdyn maşgalada

Paýtagtymyzdaky «Galkynyş» bedenterbiýe sagaldyş toplumynda geçirilen «Sagdyn maşgala» atly 4 tapgyrdan ybarat bäsleşigiň birinji tapgyry geçirildi. Bu sport çäresi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi we Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan gurnaldy. Ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçen bu çärä paýtagtymyzda ýaşaýan maşgalalaryň 12-si gatnaşdy.

“Gül çagalar, siz durmuşyň bezegi”

Paýtagtymyzdaky Merkezi bejeriş sagaldyş hassahanasynda ýerleşýän Diabet mekdebinde “Gül çagalar, siz durmuşyň bezegi” ady bilen dabaraly çäre geçirildi. Diabet merkeziniň we bu merkeziň zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda geçirilen çärä ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan çagalaryň köp sanlysy, şeýle-de ene-atalar gatnaşdylar.
Dabaranyň açylşynda ata Watanymyzda çagalar hakynda edilýän alada, olaryň ählitaraplaýyn söýgi we mähir bilen gurşalmagy hakynda buýsançly gürrüňler edildi. Dabara şowhunly çykyşlar, dürli oýunlar bilen dowam etdirilip, dabaranyň ahyrynda ol ýere gatnaşan çagalara zenanlar guramasy tarapyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy. Şu dabaradan soňra paýtagtymyzyň gözel ýerinde ýerleşýän “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähine gezelenç guraldy. Şeýle ajaýyp şertler we mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimize minnetdarlyk sözlerini aýtdylar. 

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com