Maslahatlar, aksiýalar

DABARALY MASLAHAT

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň mejlisler zalynda Galla baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň bilelikde guramagynda «Nur saçýaň bagtyýarlyk döwrüne toprak!» atly dabaraly maslahat geçirildi.

OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

Nowjuwan Hazaryň türkmen kenaryna bezeg berip oturan «Awaza» тіlli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň bilelikde guramaklarynda, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryna bagyşlanan okuw-maslahaty geçirildi. Oňa dürli ugurlarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.

OKUW-MASLAHATY

Türkmenabat şäherinde «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň, welaýat zenanlar birleşiginiň we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça okuw-maslahaty geçirildi.

Äleme dolupdyr bedewiň ady

Gözbaşyny ençeme ýüzýyllykdan alyp gaýdýan gadymy hem şöhratly taryhynda türkmen halkydünýä medeniýetiniň ösüşine ajaýyp medeni gymmatlyklary goşupdyr, şolaryň biri hem gözellikde, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk gamyşgulak bedewlerimizdir. Türkmeniň uçar ganaty bolan bedew atlarymyz ýüreklerimiziň buýsanjy, gözlerimiziň guwanjydyr. Ata-babalarymyzyň uly yhlasy, höwesi, zehini bilen ýetişdiren bedew atlarynyň gözelligi, ýyndamlygy dünýä bellidir.

Türkmenistanda temmäkä garşy göreş

Türkmenistanyň milli kanunçylygynda ilatyň saglygyna zyýan ýetirýän maddalara garşy gönükdirilen hukuk namalarynyň döredilendigini bellemek zerurdyr. 2007-nji ýylda “”, 2008-nji ýylda “Nas öndürmegi we ýaýratmagy gadagan etmek hakyndaky”, 2012-nji ýylda “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda” kanunlar kabul edildi. 2008-nji ýylda “Neşe serişdelerine garşy göreşmek gullugy döredildi.

ENÄNI SYLAN — DÜNÝÄNI SYLAR

Ene hakdaky ähli gürrüň “ene” diýen sözüň bir özüne-de ýerleşýär...
Enäniň kimdigi, şu günki dünýädäki orny milletler, her bir millet tarapyndan bireýýämden bäri kesgitlenip gelinýär. Ene hakdaky iň ajaýyp sözleriň ählisiniň manysy ýene “ene” diýen söze barýar. Ýa-da, tersine, ene hakdaky iň ajaýyp sözleriň ählisiniň manysy “ene” diýen sözden gaýdýar. Ene hakda aýdylmaly zatlaryň,
megerem, ählisi aýdylypdyr. Onda-da biz gaýta-gaýta ene barada, eneler barada söz açýarys. Näme üçin?
Enelere bolan söýgimizi, syr ýaly, ýüregimizde saklamazlyk üçin!

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com