Maslahatlar, aksiýalar

ILKINJI PERZENDIŇ ILKINJI BAÝRAMY

Halkara zenanlar gününiň şatlyk-şagalaňynyň barha artýan, baýramçylyk dabaralarynyň köpelýän günlerinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň işgärleriniň hem kalplary buýsançdan doly. Olar baýramçylyk günlerinde gujagy bäbekli bagtyýar eneleri görmegiň has-da ýakymlydygy hakynda aýdýarlar.

Dünýäň sallançagy enäň elinde

Bu goja Zeminiň görküne görk goşýan ýaz pasly ynsan göwünlerine-de ajaýyp duýgulary paýlaýar. Ol duýgularyň içinde mährem enä bolan söýgi has-da äşgär duýulýar. Enäň öňünde dyzyna çöküp:

Ene süýdi — sagdyn çaga

Çaganyň sagat ösmegi üçin ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň wajypdygy hemmä mälimdir. Çaga ene süýdi bilen näçe dowamly iýmitlendirilse, şonça-da onuň saglygynyň berk bolýandygy barada köp sanly ylmy maglumatlarda hem bellenilýär. Geçmiş taryhymyzda ene-mamalarymyz çaganyň özi daş-töwereginden utanyp goýýança, dowamly emdiripdirler we sagdyn çagalary kemala getiripdirler.

UZ BARMAKLARYN GUDRATY

Halkymyzda ynsanperwer işleri etmek, sogap gazanmak durmuşy bezeýän iň ajaýyp häsiýetler hasaplanylýar. Bu milli ýörelge parasatly Prezidentimiziň badalga beren ajaýyp zamanasynda ynsan mertebesine goýulýan belent hormatyň derejesinde goldanyp, mynasyp dowam etdirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe baý taryhymyzy, milli mirasymyzy öwrenmäge uly ähmiýet berilýär. 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa ulus-ilimiziň başyny göge ýetirdi.

Döwür. Millilik. Edep

Dünýä döräp, adamzat taryhynyň gatlaryna siňip giden, dillerden-dillere dessan bolup, rowaýata öwrülip biziň günlerimize gelip ýeten edep-terbiýe baradaky gürrüňleriň gymmaty şu günki günlerimizde-de egsiler ýaly däl. Gaýta, durmuş kämilleşdigiçe, adamy hem kämillige iterýär, kalbymyzda bar bolan gözellikleri oýarmaga ýardam berýär. Ylaýta-da, gelin-gyzlarymyzyň edep-terbiýesi dogrusynda söz açan mahalymyz muňa has hem aýdyň göz ýetirýäris. Ynha, «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasynyň ýurdumyzyň dilleri senaly eneleriň, bilim işgärleriniň, žurnalistleriň gatnaşmagynda «Döwür. Millilik.

Döwrüň bagtyýarlary

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezine ýygnanan zenanlaryň arasynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda göreldeli zähmet çekýän dürli kärdäki zenanlar bilen birlikde ak saçly, nurana ýüzli enelerimiz-de bardy. Olar bu kaşaň binanyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde geçiren uly syýasy çäresine — «Türkmenistanda zenanlaryň hukuklary» atly okuw maslahatyna gatnaşdylar.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com