Balkan welaýaty

Zenan bagtyýarlygy—Watan abadanlygy

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Esenguly etrap geňeşi, etrap medeniýet bölüminiň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasy bilen bilelikde «Zenan bagtyýarlygy—Watan abadanlygy» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdik. Oňa medeniýet ulgamynda zähmet çekýän zenanlar, mährem eneler, ýaşlar gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler durmuşda zenanyň tutýan orny barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ene mukaddesligini, zenan sarpasyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

Saglyk—başymyzyň göwher täji

Welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda wagyz-ündew maslahaty geçirildi. «Saglyk—başymyzyň göwher täji» diýen at bilen geçirilen wagyz-ündew maslahatyna medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, nebitgaz ulgamlarynda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy ynsan saglygydyr. Adamyň beden we ruhy saglygy barada döwlet derejesinde bimöçber alada edil - ýär.

Bagt nury bolup gel!

Täze ýyl baýramy mynasybetli «Ak ýol» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly çäre geçirildi. «Bagt nury bolup gel!» ady bilen geçirilen baýramçylyk çäresine dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Şatlyk-şowhuna beslenen çärede çykyş edenler bu ýere ýygnananlary Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Haly—halkymyzyň gözellik dessany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent maksatly tutumlar barha rowaçlanýar. Döwletimizde medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, kämilleşdirip, ösdürip, geljekki nesillere ýetirmäge uly üns berilýär. Türkmen halylarynyň şan-şöhraty älem-jahana ýaýylýar.

Ýylyň iň göreldeli wa­gyz­çy zenany

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky edaralarda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan guralan «Ýylyň iň göreldeli wagyzçy zenany» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Ösüşiň täze belentliklerini nazarla- ýan Diýarymyzyň waspçy zenanlary döwürleýin metbugat sahypalarynda çap edilen iň gowy makalalarynyň nusgasyny, teleradioýaýlymlardaky çykyşlarynyň ýazgysyny bäsleşige hödürlediler.

Zenan yhlasyndan altyn-dür önýär

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleş- mesiniň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärdeşler arkalaşygy komitetiniň hem-de zenanlar guramasynyň bilelikde guramaklarynda «Arkadagym bilen Watan gülleýär, zenan yhlasyndan altyn-dür önýär» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm