Balkan welaýaty

OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

Nowjuwan Hazaryň türkmen kenaryna bezeg berip oturan «Awaza» тіlli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň bilelikde guramaklarynda, ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullaryna bagyşlanan okuw-maslahaty geçirildi. Oňa dürli ugurlarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň bilelikde gurnamaklarynda lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermek barada Balkan welaýaty boýunça okuwy

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilelikde “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň kanuny esaslanyp ýurdumyzyň welaýatlarynda lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermek boýunça okuwlary geçirmek meýilleşdirdiler.

ZENANLARYŇ SPORT ÝARYŞLARY

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ruhy we beden taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatdaky tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Sagdyn zenan — bagtyýar maşgalanyň gözbaşydyr» atly bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi.

Balkan welaýat zenanlar bölümi

Biziň salgymyz: Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýoly 14/14 jaýy

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com