Balkan welaýaty

GYZYKLY BÄSLEŞIK

          Balkan welaýat döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň bilelikde yglan eden hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly gymmatly kitaby esasynda «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» at­ly bäsleşigiň Balkanabat şäher tapgyry ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi.

GIŇDEN ÝAZYP TOÝ SAÇAGYNY

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk şanly toýy mynasybetli «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdaky datly tagamlary wagyz etmek we şäheriň edara-kärhanalarynda göreldeli zähmet çekýän zenanlaryň milli türkmen tagamlaryny taýýarlamakda ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesi Zenanlar birleşmesiniň şäher bölümi bilen bilelikde «Toý saçagyny giň ýazalyň, joralar!» atly bäsleşikli medeni-köpçülik çäresini geçirdi.

ZENAN KALBYNYŇ ŞUGLASY

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 26 ýyllyk baýramy mynasybetli Balkanabat şäherindäki Bagt köşgünde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda bäsleşik geçirildi. «Zenan kalbynyň şuglasy» ady bilen geçirilen bäsleşige welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden işjeň zenan­lar gatnaşdylar.

BELENTDE TUTULYAR ZENAN SARPASY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Milli Liderimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlary we teklipleri Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalary tarapyn­dan kabul edilýän örän wajyp resminamalarda berkidilýär we giňden ösdürilýär.

DÖWRÜMIZIN ÝARAŞYGY—BAGTDAN PAÝLY ZENANLAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen döredilen ajaýyp şertlerde zähmet çekmek, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak zenanlar üçin uly abraýdyr, mertebedir. Ça- galaryny Watanymyza, mähriban Arkadagymyza wepaly, ile-güne haýyrly, edep-terbiýeli, bilimli adamlar edip ýetişdirmek her bir enäniň arzuwydyr.

IŞJEN ÝAGDAYDA GEÇEN MASLAHAT

Milli Liderimiziň baştutanlygynda mähriban ýurdumyzyň mer- dana we agzybir halkynyň saglygyny gorap saklamak, keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek we saglygyny dikeltmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com