Balkan welaýaty

IŞIN NETIJELILIGI GAZANYLÝAR

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda zenanlara goýulýan sarpa örän belentdir. Çünki zenanlar ýurdumyzy durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmäge, maşgala ojagyny abat saklamaga, sagdyn nesli kemala getirmäge, ýaşlarda milli ruhy gymmatlyklarymyza söýgi döret- mäge, olary Watanymyza, hormatly Prezidentimize, halkymyza wepaly adamlar edip ýetişdirmäge saldamly goşant goşýarlar. Biz hem etrap zenanlar guramamyzyň işini kämiileşdirmäge, geçirýän işlerimiziň netijeliligini gazanmaga çalyşýarys. Häzir etrap zenanlar guramamyz ilkinji guramalaryň 26-syny özüne birleşdirýär.

ZENANLAR BÄSLEŞDILER

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň Serdar şäher tapgyry geçirildi. Ýaş nesli terbiýelemekde arkama-arka dowam edip gelýän edim-gy- lymy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenan mertebesine goýulýan sarpany, Watanymyzyň ösüşlorine ýaşlarda söýgi döretmegi, mähriban Arkadagymyza wepalylygyň nusgasyny görkezmegi maksat edinen bäsleşige dürli ugurlarda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.

IŞJEN ÝAGDAYDA GEÇEN MASLAHAT

Milli Liderimiziň baştutanlygynda mähriban ýurdumyzyň mer- dana we agzybir halkynyň saglygyny gorap saklamak, keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek we saglygyny dikeltmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Pages

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com