2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

Ady dünýä dolan sungat

Türkmen halysynyň baýramy hem-de Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Serdar şäher medeniýet öýünde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň yglan eden «Arkadag paýhasyndan ady dünýä dolan türkmen halysy» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» kitaplarynda waspy ýetirilen, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen türkmen halysynyň nagyşlaryny çeper sözlerde beýan etdiler, olaryň döreýiş taryhy barada gürrüň berdiler, tymsallary, rowaýatlary aýtdylar, küşt depip, gazallary ýerine ýetirdiler. Netijede, Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary Laçyn Toýlyýewa we Annabibi Hydyrowa birinji, Esenguly çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary Gülruh Nyýazmyradowa we Sonagül Aşyrtaganowa ikinji orunlara mynasyp boldular.

“Habarlar”

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm