2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

NEPIS SUNGATYŇ USSATLARY

Ýakynda paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň bilelikde guramagynda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Arkadag paýhasyndan ady dünýä dolan türkmen halysy» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen bu bäsleşige onuň welaýatdyr şäher tapgyrlarynda birinji orny eýelän halyçylaryň jemi 12-si gatnaşdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, şeýle-de, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň dabaralanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde belleniljek Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli guralan bu bäsleşigiň nobatdaky tapgyry üstünlikli geçdi. Bäsleşige gatnaşyjylar öz saýlap alan hünärlerine bolan söýgüsini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Bäsleşige gatnaşyjylar bäsleşigiň düzgünnamasynyň birinji şertine laýyklykda türkmen el halylarynyň we haly önümleriniň taryhyny, welaýatlarymyza mahsus bolan halylary, olaryň özboluşly nagyşlaryny, halkymyzyň hala bolan söýgüsini wasp etdiler. «Türkmeniň kalby — türkmen halysy» diýlip atlandyrylan bu şertde ýerine ýetirilen çykyşlar eminlerde uly gyzyklanma döretdi. «Gadymy hem-de müdimi senet» diýlip atlandyrylan bäsleşigiň ikinji şerti boýunça gatnaşyjylar öz welaýatlarynyň halylary, olaryň nagyşlarynyň aýratynlyklary, gelip çykyşy baradaky maglumatlar bilen çykyş etdiler. Halyçylaryň çykyşlarynda türkmen halysynda ýerleşdirilen nagyşlaryň her biriniň özboluşly taryhynyň bardygy, her bir nagşyň aňladýan manylary beýan edildi. Üçünji şertde halyçy gelin-gyzlar milli gymmatlyklarymyzyň howandary bolan Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan dörän «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly kitaplarynda beýan edilişi ýaly, türkmen halylarynyň gözelligini wasp etdiler. Olar haly sungaty bilen baglanyşykly nagyşlaryň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary, yrymdyr ynançlary, däp-dessurlary, aýdyşyklary, gazallary ýerine ýetirdiler. Çeper elli halyçylaryň ýerine ýetiren çykyşlary dabara gatnaşyjylarda, şeýle-de, eminlerde uly täsir galdyrdy. Olarda milli gymmatlygymyz bolan, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda orun alan türkmen halylarynyň müňýyllyklardan gaýdýan taryhynyň bardygy açylyp görkezildi. Bäsleşigiň ahyrynda eminler toparyna ýeňijini yglan etmek ýeňil düşmedi. Sebäbi oňa gatnaşan halyçylaryň ählisi bäsleşige ýokary derejede taýýarlanypdyrlar. Netijede, Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçylary Dürli Begjanowa bilen Täzegül Pürenowa bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldular. Birinji orna Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary Maral Rejebowa bilen Sona Şiriýewa, ikinji orna Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary Göwher Suhanowa bilen Göwher Geldiýewa, üçünji orna bolsa Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary Laçyn Toýlyýewa bilen Annabibi Hydyrowa mynasyp bolmagy başardylar. Ýeňiji bolan halyçy gelin-gyzlara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Gülşat AHUNOWA, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm