2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

TÄZELIKLER

Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, şeýle-de «Tiirkmenhaly» döwlet birleşiginiň bilelikde guramaklarynda ýurdumyzyň halyçy gelin-gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Arkadag paýhasyndan ady diinýä dolan tiirkmen halysy» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýinde geçirilen dabara bäsleşigiň deslapky tapgyrynda ýeňiji bolan halyçylaryň 12-si gatnaşdy. Olaryň arasynda ildeşlerimiz — Halajyň çeperçilik kärhanasynyň halyçylary Maral Rejebowa bilen Sona Şiriýewa hem bar. Bu halyçylaryň ikisi hem bäsleşigiň «Kesbi-kärim — nesillere görelde» diýlip atlandyrylan şertinde hormatly Prezidentimiziň «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp kitabyndan uguralyp, türkmen halysynyň gözelligini wasp etmekde birinji orna mynasyp boldy. Halyçylar ýurdumyzyň paýtagtyndan baýrakly dolandylar.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm