2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

AJAÝYP SUNGATYŇ ÖWÜŞGINI

Türkmeni dünýä tanadan gymmatlyklarynyň içinde haly aýratyn orny eýeleýär. Nepis halylara çeper elli gyz-gelinlerimiziň yhlasy, döredijilik ylhamy, olaryň mähriban topragymyza, il-günümize bolan söýgüsi siňipdir. Halkymyzyň owadan, nepis halylarymyza guwanjy, buýsanjy çäksizdir. Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramynyň uludan toýlanylmagy-da munuň aýdyň güwäsidir.

Baýramçylyk mynasybetli Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde welaýat baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Türkmenabat şäher bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Syrlardan dokalan gözellik» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Oňa welaýatymyzyň öňdebaryjy halyçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle-de haly sungatynyň muşdaklary gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen bu günki gün halkymyzyň milli buýsanjy bolan halyçylyk sungatymyzyň şanşöhraty dünýä doldy. Ýurdumyzda halyçylyk sungatyny zamanabap ösdürmeklige uly üns berilýär. Munuň özi halyçylarymyzy yhlasly we tutanýerli zähmet çekmeklige ruhlandyrýar.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşanlar «Gözelligiň ajaýyp nusgasy» atly haly sergisine hem
tomaşa etdiler. Sergide Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň, Türkmenabadyň «Ýüpek» önümçilik birleşiginiň öndüren ýüpek halylary, gapylyk, horjun, el torba ýaly bezeg önümleri nepisligi, owadanlygy, reňkleriniň sazlaşygy bilen tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi.
Eneş ŞAMÄMEDOWA.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm