2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

Millilige ýugrulan ýörelge

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ajaýyp pasyllary kerwen gurap geçip, mukaddes topragymyza taýsyz gözellikleri bagyşlaýar. Olaryň her biri ajaýyp sowgatly gelip, ýüreklerimize ýakym paýlaýar. Ýaňy-ýakynda hem toý-baýramly günlerimizde ýene-de bir taryhy waka şaýat bolduk. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň bejeren gyzyl kürtesi, şeýlede sap ýüplükden ören joraby Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşuryldy. Bu şanly waka mynasybetli Türkmenabat şäheriniň Dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda welaýatymyzyň öňdebaryjy zenanlarynyň, talyp we okuwçy gyzlaryň gatnaşmaklarynda dabaraly çäre geçirildi.

Onda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, biziň medeni mirasymyz, milli gymmatlyklarymyz bütin adamzadyň baýlygydyr. Dürli öwüşginli, baý medeni mirasa eýe bolan türkmen halky umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna örän uly goşant goşupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň 1971-nji ýylda öz baldyzyna niýetläp inçelik bilen bejeren kürtesidir ören joraby halkymyz, aýratyn-da gelin-gyzlarymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Üstünden ýarym asyr geçse-de, reňkleriniň öwüşgini, nagyşlarynyň özboluşly gözelligi bilen tapawutlanýan bu el işleriniň muzeý gymmatlygy hökmünde saklanylmagy ulus-ilimizde uly buýsanç döretdi. Ogulabat ejäniň tikip bejeren çog gyzyl reňkli kürtesinde «gyýak», «okgözi», «içýan agyz», «tazy guýruk» ýaly nagyşlar ýerleşdirilipdir. Gahryman enäniň işewürligi, däp-dessurlarymyza ygrarlylygy, milli mirasymyza sarpasy ýaş nesil üçin görelde alarlykdyr. Bu ýere ýygnananlar milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy öwrenmäge, ony ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.
Dabaranyň dowamy welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeklerinde türkmen zenanlarynyň edep-ekramyna, halkymyzyň milli mirasyna bagyşlanan aýdym-sazlara utgaşyp, oňa gatnaşyjylaryň göwünlerini ganatlandyrdy.

Eneş JORAÝEWA, ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm