2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

HABARLAR

“Altyn asyr: Türkmenistan” teleradioýaýlymy bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi bilen bilelikde gurnamaklarynda Hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň bejeren kürtesiniň we ören gülli jorabynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň muzeý gymmatlyklarynyň hataryna goşulmagy mynasybetli Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde maslahat geçirildi we Döwlet muzeýinde dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlaryň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagynda syýahat gurnaldy.
Ynsan göwni gözellige aşyk. Göwün teşneligiňi gandyrýan gözellikleriň aglabasy ynsan elleriniň zähmeti bilen kemala gelýär. Daşymyzy gurşap alan bu owadan tebigaty, elwan gülli ýazlardyr sarymeňiz güýzleri bagyş eden ykbalymyz şol gözellikleriň ömürlik ýaşamagy üçin bize el zähmetine bolan ukyp, döredijilik nazary, aň we üşük beripdir. Diýmek, zenanlar gözellikleri döredijiler bolup gözleriniň gören, göwnüniň söýen ajaýyplyklaryny el işlerine, keşdelerdir gaýmalara geçirip, al-elwan gülleriň keşbini baky ýaşadýarlar. Munuň şeýlediigini Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Oglabat ejäniň kalbynyň mähri siňen sungatda hem görmek bolýar.
1971-nji ýylda Oglabat eje tarapyndan keşdelenen kürte “gyýak”, “okgözi”, “içýan agyz”, “tazy guýruk” nagyşlary bilen bezelipdir. Aragerbisi alaja düýe ýüňünden örülip, merkezinde çatylypdyr. “1971 ýyl” diýen iňňe bilen ýerine ýetirilen ýazgy köjeme usulynda tikilipdir. Oglabat eje bu kürtäni ýarym asyr mundan ozal baldyzy üçin niýetläp bejeripdir hem-de ony 20 günüň içinde taýýarlapdyr.
Oglabat eje ören gülli jorabynda “ýürek”, “kebelekli tegbent”, “alagowurdak” ýaly nagyşlary salyp dürli reňkli ýüpek sapaklardan taýýralapdyr.
Maslahata gatnaşan zenanlar maslahatyň öň ýanynda “Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanayşmagyň Watany” ýylynyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirilen “Ýürek mähri siňen sungat” atly maslahata teleýaýlym arkaly syn etdiler. Soňra maslahat zenanlaryň Oglabat ejäniň el işleri, belent adamkärçiligi, türkmen zenanlaryna mahsus salyhatlylyk, kanagatlylyk, döwletlilik, maşgala ojagyna wepalylyk, çeper ellilik aýratynlyklary barada şeýle hem ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz, ene mukaddesligi, gyz edebi baradaky täsirli çykyşlary bilen dowam etdi.
Maslahat tamamlanandan soň dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar bilen bilelikde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyp gelin-gyzlarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine syýahat gurnaldy. Bu ýere gelen zenanlar Oglabat ejäniň ajaýyp el işlerine ýakyndan syn etdiler.
Bu geçirilen çäreleriň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýydýan milli däp-dessurlarymyzy öwrenmek hem-de jemgyýetiň belent ahlak ýörelgelerine eýermek ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk hem-de asyrlaryň dowamynda kemala gelen ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelemekde ägirt uly ähmiýete eýedigi barada çykyş eden zenanlar bellediler şeýle hem ajaýyp el işleri döreden, zenanlara görelde mekdebi bolup duran Oglabat ejä sag bolsun aýytdylar, döredijilikli zähmet çekmek üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler.

Aýgül Ballyýewa

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm