2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

Göreldäňiz — ebedi ýörelgämiz

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda «Ýürek mähri siňen sungat» atly dabaraly maslahat boldy. Hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulabat ejäniň işläp, sünnäläp bejeren kürtesiniň, öz eli bilen ören jorabynyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýine gowşurylmagy mynasybetli geçirilen dabaraly maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet işgärleri, kümüş saçly eneler hem-de dürli kärde zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar. «Taryhymyzyň dürli döwürlerinde ajaýyp gylyk-häsiýetleri, edep-ekramlylygy, elleriniň çeperligi, dogumlylygy, wepadarlygy, aňrybaş kämillik derejesinde döreden milli gymmatlyklary bilen şöhratlanan zenanlarymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtyýar eneleridir. Mähriban enelerimiziň sadalygy, mylaýymlygy, çeperligi milli mirasymyza öwrülen owadan keşdelerinde, ajaýyp halylarynda, beýleki el işlerinde beýan edilýär. Olaryň köňül isleglerinden, arzuw-hyýallaryndan dörän gözellikler geljekki nesiller üçin ebedi nusgalykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň käbesiniň ýarym asyr mundan ozal baldyzy üçin niýetläp bejeren kürtesiniň, öz döwrüne mahsus nagyşlar salnyp örülen jorabynyň asyl nusgasynyň biziň günlerimize gelip ýetmegi, olara enäniň ýüreginiň mähri siňdirilip, millilik bilen ýerine ýetirilmegi ähli gelin-gyzlarymyz üçin nusgalyk görelde mekdebidir. Ogulabat ejäniň işeňňirliginiň, zähmetsöýerliginiň alamaty bolan bu el işleriniň muzeýe gowşurylmagy pederlerimizden dowam edip gelýän ýol-ýörelgelerimiziň, milli mirasymyzyň dowamat-dowamdygynyň aýdyň güwäsidir» diýip, maslahatda çykyş edenler buýsanç bilen bellediler hem-de milli Liderimiziň mähriban käbesine päk ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde guralan sergä wideorolik arkaly syn edilmegi çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Akbäbek Satlykowa, «Balkan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm