2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

TÜRKMENIŇ KÄMIL SUNGATY

Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky Toý mekanynda dabaraly maslahat geçirildi. Welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, welaýat Medeniýet müdirliginiň hem-de Gökdepe etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabara halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işeňňir zenanlar we mährem eneler gatnaşdy.

Dabaraly maslahaty welaýat häkiminiň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygy Akgül Toporowa açyp, ata Watanymyzyň häzirki ösüş döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan giň göwrümli işlere, gazanylýan üstünliklere zenanlarymyzyň goşýan goşandy, olaryň ýaş nesli watançylyk we ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlary barada söz açdy hem-de hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň yhlas bilen bejeren kürtesiniň, şeýle-de ören jorabynyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylmagy bilen baglanyşykly taryhy wakanyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň işläp bejeren kürtesiniň, şeýle-de öz eli bilen ören jorabynyň Döwlet muzeýine gowşurylmagy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, baş şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň, uludan toýlanýan ýylynyň ajaýyp wakalarynyň biri hökmünde ýatda galar. Çünki Ogulabat ejäniň kalbynyň mähri siňen sungaty geljekki nesillerimize nusgalyk baky mirasa öwrüler. Bu özboluşly sungat halkymyzyň iň gowy köpasyrlyk däplerini aýawly saklaýandygynyň we baýlaşdyrýandygynyň dabaralanmasydyr. Ine, şular dogrusynda dabaraly maslahatda çykyş edenler — Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hünärmeni, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan Myradowa, Bäherden etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Annasona Ballyýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy Nurjahan Hojaýewa, Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Täzegül Nurmämmedowa, Ak bugdaý etrabynyň Çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Bahar Pirgulyýewa, şol etrabyň Gämi oba Medeniýet öýüniň müdiri Aýsoltan Ýagşymyradowa dagy belläp geçdiler. Olaryň aýdyşy ýaly, Ogulabat eje tarapyndan mundan ýarym asyr ozal tikilen kürte uly gymmatlyk bolup durýar. Bu kürtäniň «gyýak», «okgözi», «içýan agyz», «tazy guýruk» nagyşlary bilen bezelmegi onuň gymmatyny has-da artdyrýar.

Dabaraly maslahatda nesil terbiýesinde, milletimiziň mizemez gymmatlyklarynyň, asylly ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolmagy ugrunda hemmelere nusga bolýan mährem ene — hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň nusgalyk görüm-göreldesi dogrusyndaky aýdylanlar has-da uly täsir galdyrdy.

Toý ruhundaky sahnada ýaňlanan aýdym-sazlar, ýerine ýetirilen halk döredijilik çykyşlarydyr edebi-sazly kompozisiýa şanly senä bagyşlanan dabaraly maslahata baý öwüşgin berdi. Welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň bu ýerdäki çykyşlarynda milliligimize goýulýan çäksiz hormat-sarpa öz beýanyny tapdy.

https://tkamm.gov.tm/tm/content/12693

Ýörite habarçymyz.

SURATLARDA: dabaraly maslahatdan pursatlar.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm