2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

Ajaýyp sungatyň waspy

Berkarar ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralar welaýatymyzda hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Welaýat, Balkanabat şäher häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda «Türkmen halysy — älem sazlaşygy» ady bilen welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňündäki meýdançada geçirilen baýramçylyk dabarasyna il sylagly ýaşulular, mährem eneler, halyçy gelin-gyzlar, dürli ulgamda zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar. Onda çykyş edenler çeper elli halyçylarymyzy ajaýyp baýramçylyk bilen gutladylar. Türkmen halysynyň şan-şöhraty, ajaýyplygy barada aýratyn nygtamak bilen, nesilden-nesle geçip gelen türkmen halysyna bolan söýgini artdyrmakda, ýaşlarymyzda halyçylyk sungatyna bolan buýsanjy döretmekde eziz Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly eserleriň uly ähmiýetiniň bardygyny buýsanç bilen bellediler. Türkmeniň halyçylyk sungatynyň ösdürilmegine gönükdirilen nusgalyk işleri alyp barýan hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Soňra welaýatymyzyň öňdebaryjy halyçylaryna jemgyýetçilik guramalary tarapyndan baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dabara gatnaşyjylar toý meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan giň göwrümli sergini hem synlamaga mümkinçilik aldylar. Zenanlaryň çeper ellerinden dörän, gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan haly we haly önümleri, el işleri, muzeý gymmatlyklary hem-de ýaş suratkeşleriň türkmen halylaryny wasp edip çeken suratlary ýakymly täsir galdyrdy. Baýramçylyk çäresinde welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň türkmen halysyny we ony döreden çeper elli zenanlary wasp edip ýerine ýetiren çykyşlary gyzgyn garşylandy. Welaýat medeniýet müdirliginiň, Balkanabat şäher medeniýet merkeziniň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazlary belentden ýaňlanyp, dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. «Dehistan» aýdym- -tans we folklor-etnografiýa, «Nurana» tans toparlarynyň joşgunly çykyşlarynda, küştdepdidir gazallarynda Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren ajaýyp zamanasynyň ösüşözgerişleriniň, türkmen halysynyň, çeper elli halyçylaryň waspy ýetirildi. Nabat Täzemyradowa. Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan». Ajaýyp sungatyň waspy Halkymyzda zenanlara hemişe maşgala ojagynyň zynaty hökmünde garalyp, «Ene mähek daşydyr, sagdyn nesliň başydyr» diýilmegi ýöne ýerden däldir. Häzirki döwürde hem zenanlara goýulýan hormat-sarpa barha belende göterilýär. Jemgyýetimizde maşgalanyň mizemezligini üpjün etmegi, maşgala gymmatlyklaryny has-da berkitmegi möhüm wezipe hökmünde öňe sürýän Gahryman Arkadagymyz zenanlaryň Watanymyzyň daýanjy bolan ýaş nesli terbiýelemekde aýratyn hyzmatlary bitirýändiklerini, olaryň el işleriniň üsti bilen zähmet terbiýesini berýändiklerini nygtaýar. Bu günki gün zenanlar dürli kärde tutanýerli zähmet çekýärler, Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýan aýal-gyzlar haýsy kärde zähmet çekýändiklerine garamazdan, el işleri bilenem meşgullanýarlar. Olar ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän däp-dessurlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi, nusgalyk el işlerimizi mynasyp dowam etdirýärler. Bu, aýratynam, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has belent derejelere göterildi. Çünki Gahryman Arkadagymyz milli gymmatlyklarymyzyň, milli mirasymyzyň dünýä ýaýylmagy üçin taýsyz tagallalary edip, ähli şert-mümkinçilikleri döredýär. Halyçylyk sungatymyzy muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegem döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Çeper elli zenanlarymyzyň el işlerine örän ýokary baha berilýändigine, olara mukaddeslik derejesinde garalýandygyna biz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň uludan toýlanan pursatlarynda hem anyk şaýat bolduk. Hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň işläp bejeren kürtesiniň hem-de ören jorabynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýine gowşurylmagy baýramçylyk gününiň buýsançly wakasy bolup, baýramy ruhubelentlik bilen garşylan zenanlaryň begenjini has-da artdyrdy. Bu ajaýyp waka mynasybetli Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen «Ýürek mähri siňen sungat» atly maslahat hem zenanlara, olaryň zähmetine, el işlerine goýulýan hormat-sarpanyň örän ýokarydygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Şol maslahatda Ogulabat ejäniň ýürek mährini siňdiren kürtesini «gyýak», «okgözi», «içýan agyz», «tazy guýruk» nagyşlary bilen bezäp, onuň ýakasynyň sag tarapyna-da «1971 ýyl» diýen ýazgyny köjeme usulynda tikip bejerendigi, kürtäni ýarym asyr mundan ozal baldyzy üçin niýetläp, ýigrimi günüň içinde taýýarlandygy hakynda täsirli gürrüň edilip, bu çeper elli enäniň nusga alarlyk göreldä eýedigini ýene-de bir gezek tassyklady. Maşgala mukaddesligini gözüniň göreji ýaly ezizleýän Ogulabat ejäniň türkmen zenanyna mahsus asyllylygy, zähmetsöýerligi, çeper elliligi biz — zenanlar üçin göreldedir, ýörelgedir, ýolumyza şamçyragdyr. Enejan Orazberdiýewa, Türkmenbaşy şäheriniň häkiminiň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň şäher geňeşiniň başlygy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm