2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

Ak bagtyň şaýady kürte

Gahryman Arkadagymyzyň zenanlara goýýan hormat-sarpasy, ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde döredýän mümkinçilikleri olaryň başyny göge ýetirýär. Munuň şeý ledigine zenanlaryň arasynda geçirilýän dürli çärelerde aýdyň göz ýetirmek bolýar. Olarda türkmen zenanlaryna mahsus bolan edep-ekramlylyk, çeper ellilik, ýaşlara berilýän zähmet terbiýesi hakynda giňişleýin söhbet edilýär. Şu günler hem hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň sünnäläp keşdelän kürtesiniň hem-de öz eli bilen ören gülli ýüň jorabynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýine gowşurylmagy mynasybetli geçirilýän duşuşyklardyr maslahatlarda, sergilerde maşgala mukaddesliginiň binýady hökmünde sarpalanýan türkmen zenanlarynyň ähli döwürlerde-de çeper elleri bilen abraý-mertebä eýe bolandyklary, muňa biziň döwrümizde hem mähriban enäniň — Ogulabat ejäniň mysalynda aýdyň göz ýetirip bolýandygy hakynda buýsançly gürrüň edilýär. Şeýle çäreler Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, Balkanabat we Gumdag şäher geňeşleriniň, welaýat medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň birleşen tagallasy bilen welaýat merkezindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde «Kürte — nagyşlaryň köşgi», «Edip beren ýeňňemden edep beren ýeňňem ýagşy», «Şanyň arşa galýar türkmen kürtesi», «Gyzyl kürtäm — ak bagtymyň şaýady» diýen atlar bilen geçirildi. Olara dürli kärde zähmet çekýän zenanlar, mährem eneler we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, ene-mamalarymyzdan gelýän çeper ellilik, edeplilik, asyllylyk, ýokary adamkärçilik, mähribanlyk ýaly häsiýetleri özünde jemleýän Ogulabat eje hemmämize nusgalyk enedir. Ogulabat ejäniň asylly häsiýetleri Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde hem giňden beýan edilýär. «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitapda mähriban enäniň keşbi örboýuna galýar. Ogulabat ejäniň mundan elli ýyl ozal baldyzyna niýetläp sünnälän kürtesidir ören ýüň joraby zenanlar üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Dabaraly çäreleriň dowamynda şirin owazly aýdym- -sazlar ýaňlanyp, olarda mährem enelerimize uly hormat- -sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy. Çäreleriň soňunda el işleriniň sergilerine syn edildi.

Ejeş Guwanjowa

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm