2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly

Äpet halylaryŇ dokalýan ýeri

Türkmen zenanlarynyň göwün gözellikleriniň beýany bolan türkmen halysynyň baýramy ýurdumyzda uludan bellenilýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi hem bu sungatyň şan-şöhratynyň älem-jahana ýaýylandygyny aýan edip, bu waka taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe haly döredijiligini ösdürmek, dürli görnüşli, dürli ölçegli halylary dokamak, gadymy nagyşlary dikeltmek işleri mynasyp dowam etdirilýär. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän şertleri esasynda halyçy gelin-gyzlar çeper halyçylyk kärhanalarynda we öýlerde dürli ölçegli haly we haly önümlerini ezberlik bilen dokaýarlar. Ýurdumyzda ilkinji äpet halyny serdarly halyçylaryň dokanlygy buýsandyryjy hakykatdyr. Döwrüň agyr synagly ýyllarynda, ýagny 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe serdarly halyçylara uly haly dokamak tabşyrylýar. Bu uly halyny Moskwada geçiriljek Türkmenistanyň Medeniýet günlerinde teatr sahnasynda ulanmaklyk göz öňünde tutulýar. Açlyk-horlugyň höküm sürýän döwründe bu äpet halynyň ölçegi hiç bir bina sygman, ony daşarda ýüwürdýärler. Äpet halynyň boýy 10,75 metr, ini 18 metr, umumy meýdany 193,5 inedördül metr, çitimi 350 müň sany, agramy 650 kilogram bolup, ony 40 sany halyçy gelin-gyzlar dokapdyrlar. 1941-nji ýylyň 12-nji iýunynda ýüwürdip, 1942-nji ýylyň 12-nji fewralynda hem dokap gutarypdyrlar. Ýigitleriň Watan üçin söweş meýdanynda janyny orta goýan ýyllarynda zenanlaryň gyşyň aňzakly sowugyna, tomsuň jöwzaly yssysyna tap getirip, tutuş sekiz aýlap dokan halysy halkymyzyň buýsanjydyr, guwanjydyr. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny gazananyndan soňra bu hala «Türkmeniň kalby» diýlip at berilýär. Häzirki wagtda ol paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýinde saklanylýar. Geçmişde haly dokamakda nusgalyk yz galdyran serdarly halyçylaryň ýol-ýörelgesi häzirem dowam etdirilýär. Şu günlerem şeýle äpet halyny dokaýan Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylarynyň ümzügi ileri. Bu günler olar Lebap welaýatynda hem-de öz welaýatymyzda gurulýan «Türkmeniň Ak öýi» binalaryna niýetläp, äpet halylaryň ikisini dokaýarlar. Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhana müdiri, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi Patma Amanjaýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi: — Biziň kärhanamyzda 250 halyçy gelin-gyz zähmet çekýär. Olar özleri üçin döredilen şertlerden ýerlikli peýdalanýarlar. Uruş ýyllarynda dokalan «Türkmeniň kalby» atly äpet halyny dokan enelerimiziň ýoluny dowam etdirýän gelin-gyzlarymyzyň çeper elleriniň hünäri bolan nepis halylaryň ýurdumyzyň kaşaň binalarynyň bezegi bolýandygy bizi örän buýsandyrýar, begendirýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda hem kärhanamyzda uly göwrümli halylaryň birnäçesi dokaldy. Mysal üçin, 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Maslahatlar köşgi, 2012-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Ruhyýet köşgi, 2013-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Ruhyýet köşgi, şol ýylda Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgi, 2014-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Kongresler merkezi hem-de Lebap welaýatynyň Ruhyýet köşgi, 2015-nji ýylda Awazanyň Kongresler merkezi hem-de 2017-nji ýylda Ahal welaýatynyň «Türkmeniň Ak öýi» binasy üçin äpet halylary dokadyk. Dokaýan halylarymyzyň göllerini we beýleki nagyşlaryny saljak bolanymyzda hem Arkadag Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly kitaplaryndan ugur alýarys. Häzirki wagtda Lebap welaýatynda hem-de öz welaýatymyzda gurulýan «Türkmeniň Ak öýi» binalaryna niýetläp, äpet halylary gelin-gyzlarymyz üç çalşykda dokaýarlar. Mähriban Arkadagymyz haly sungatynyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi, halyçylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagy barada gije- -gündiz aladalanyp, bizi — halyçylary birjigem ünsden düşürenok. Şeýle bolansoň, bildirilýän ynamy aňryýany bilen ödemäge çalyşýan halyçylarymyz yhlasly zähmet çekip, öz öňlerinde belent sepgitleri maksat edip goýýarlar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ady äleme dolan älemgoşar öwüşginli nepis halylarymyzyň has-da göze gelüwli bolmagyny gazanmagy, eziz Arkadagymyzyň bildirýän ynamyny ödemegi özümize bagt hasaplaýarys. Biz — halyçylar özümize goýulýan hormat-sarpany her ädimde duýup ýaşaýarys. Öz başarnygymyzy Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we şäher, etrap geňeşleriniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda geçirilýän zehin bäsleşiklerinde ýüze çykaryp, hemişe baýrakly orunlary eýeleýäris. Haly dokamaga isleg bildirýän ýaş gyzlara inçe sungatyň syrlaryny öwredip, çeper elli halyçylarymyzyň sanynyň artmagyny gazanýarys. Biziň işimiziň ilerlemegi üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza alkyşymyz egsilmezdir. Nursoltan Depbiýewa, «Balkan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021      Email: tzb@online.tm