Belent maksatlary nazarlap

Berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan döwletli işler özüniň çuň many-mazmuny bilen tapawutlanýar. Giň gerim alýan bu asylly işler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, milli bähbitleri we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilýär. 
Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň hukuk taýdan dogry we sazlaşykly alnyp barylmagy üçin hem-de milli kanunçylygy halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmekde hukuk özgertmeleri geçirilip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynyň ösüşlerini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalary kämilleşdirilýär. 

Ýurdumyzyň Konstitusiyasynyň kadalaryna laýyklykda, milli agzybirlik we asudalyk ýagdaýynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny berkitmäge, milli bitewülige, ykdysadyýetimiziň çait depginler bilen ösmegine, ilatyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna ýardam beren syýasy, ykdysady we hukuk özgertmeleri üstünlikli amala aşyryldy we bu işler netijeli dowam etdirilýar. Bu gün ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitler döwletiň we jemgyýetiň abadançylygynyň bähbidi üçin alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagy talap edýär. Ýurtda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň depgininiň ýokarlanmagy we geriminiň giňemegi üçin ýurduň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň binýady bolup durýan Esasy Kanunymyzy özgertmegiň zerurlygy orta çykýar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion topar döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy. 
Şu ýylyň 6-njy awgustynda Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň birinji mejlisi geçirildi. Onda Esasy Kanunymyzyň kadalaryny döwleti gurmagyň häzirki tapgyrynyň talaplaryna laýyk getirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda hormatly Prezidentimiz Esasy Kanunymyzy döwletimizi we jemgyýetimizi özgertmek üçin bildirilýän talaplara laýyk getirmegiň zerurdygyny belläp geçdi. 
Milli Liderimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň zenanlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek, ýurdumyzda zenanlar guramasynyň agzalarynyň goşýan goşandyny artdyrmak, olary mundan beýläk hem yhlasly zähmet çekmäge höweslendirmek maksady bilen merkezde we ýerlerde ýerli iş toparlary döredildi. 
Konstitusion özgertmeleri geçirmek bilen bagly gelip gowuşýan teklipleri hem-de bellikleri kabul etmek we hasaba almak işlerini amal etjek bu toparlar ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halkymyza hukuk ulgamyna giriziljek täze kadalary giňden wagyz ederler. Biz bu jogapkärli wezipäni durmuşa geçirmekde netijeli işläp, her birimiz öz ornumyzda mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza mähriban halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy ynandyrýarys. 
Halkymyzyň kanun taýdan goraglylygyny kepillendirmekde, ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmekde taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Akjagül GALMYKOWA
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýerli wekilleriniň müdirliginiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň we ýaşlaryň arasynda hukuk bozulmalaryň öňüni alyş bölüminiň başlygy, polisiýanyň maýory, Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň agzasy.
02.09.2014ý.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com