Bagtyýarlyga badalga

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz tarapyndan kabul edilýän Kararlardyr Permanlar ýurdumyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň eşretli günleriň hözirini görüp, bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilendir. Ýurt Baştutanymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň 1-nji sentýabryndan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäreler toplumyna badalga berilmegi hem halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilip geçirilýän işleriň bimöçberdigine şaýatlyk edýär. 

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak halkymyzyň bagtyýarlygyna badalga. Degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäreler toplumynyň çäklerinde geçirilýän giň gerimli işler ynsan ömrüniň howpsuzlygynyň kepili bolan ýol hereketiniň kadalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini gazanmaga gönükdirilendir. 

Berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýagty ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaşlarymyzyň ahlak taýdan arassa, sagdyn pikirli, döwrebap raýatlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň jemgyýetde öz mynasyp orunlaryny tapmaklaryny gazanmak maksady bilen olaryň kanun taýdan goraglylygy kepillendirilýär. Şeýle-de, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ähli amatlyklary bolan, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen mekdeplerdir mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ajaýyp binalarynyň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi hem ýaşlar barada edilýän tagallalaryň örän uludygynyň mysalydyr. Bu ajaýyp binalar görenleriň kalbynda buýsanç duýgularyny döredip, halkymyzyň ýagty ertirlere bolan ynamyny artdyrýar. 

Milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýerli wekilleri müdirliginiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň we ýaşlaryň arasynda hukuk bozulmalarynyň öňüni alyş bölüminiň işgärleri hem kämillik ýaşyna ýetmedikler bilen baglanyşykly ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen mekdeplerde, çagalar baglarynda ýygy-ýygydan duşuşyklary gurap, ýol hereketiniň kadalary barada düşündiriş işlerini, şeýle-de ýaryşlary geçirýärler. 
Ýakynda şeýle çäreleriň biri Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän 80-nji orta mekdepde geçirildi. Çäräniň dowamynda okuwçylara köçäniň çatrygynda goýlan «Pyýada geçelge» diýen ýol belgisi bolan ýerlerde ünsli bolmagyň hökmanydygy barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de, çäräniň dowamynda köçe-ýol hereketine degişli wideoşekiller görkezildi. 

Şeýle çäreleriň geçirilmeginiň baş maksady, mekdep okuwçylarynyň ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry bilmeklerini gazanmakdan, ulag hadysalary sebäpli bolýan şikes almalaryň öňüni almakdan ybaratdyr. 
Ýurdumyzda giň gerimde geçirilýän halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işler halkymyzyň bagtyýar geljege bolan ynamyny berkidýär. Her bir adamdaky berk ynam jemgyýetimiziň sagdynlygynyň kepilidir. Ata Watanymyzyň ösüşlerine öz goşantlaryny goşýan mähriban ildeşlerimiziň kalbynda joş urýan watanperwerlik, belent adamkärçilik duýgulary ýurdumyzyň ösüşlerinde şöhlelenýär. Goý, bize ruhubelent ýaşamak, belent maksatly işlemek, türkmeniň ata-baba halallyk ýörelgesini dowam etdirmek üçin ähli şertleri döredip beren, ähli ýagşy işlerde halkymyza nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Akjagül GALMYKOWA 
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýerli wekillerimüdirliginiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň we ýaşlaryň arasynda hukuk bozulmalarynyň öňüni alyş bölüminiň başlygy, polisiýanyň maýory, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň agzasy. 
2014ýyl

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com