Döwrüň bagtyýarlary

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezine ýygnanan zenanlaryň arasynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda göreldeli zähmet çekýän dürli kärdäki zenanlar bilen birlikde ak saçly, nurana ýüzli enelerimiz-de bardy. Olar bu kaşaň binanyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde geçiren uly syýasy çäresine — «Türkmenistanda zenanlaryň hukuklary» atly okuw maslahatyna gatnaşdylar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllyk toýunyň öň ýanynda geçirilen bu okuw maslahatynyň gün tertibi çuň manyly çykyşlar bilen başlandy. Okuw maslahatynda çykyş edenler Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň möhüm taryhy wakalarynyň biri — mähriban Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji ýubileý mejlisine gatnaşyp, bu abraýly guramanyň belent münberinde ilkinji bolup eden çykyşynyň täsirleri barada uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Çünki döwlet Baştutanymyzyň taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, öňde goýlan 169 wezipäni, şeýle hem durnukly ösüş ulgamynda 17 maksady ýerine ýetirmek boýunça işlenip taýýarlanylan 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin täze ählumumy Gün tertibinde häzirki döwürde adamzadyň öňünde durýan möhüm meseleler, ösüş babatdaky wezipeleriň çözgüdine bolan çemeleşmeler öz beýanyny tapdy. Onuň esasy häsiýeti ykdysady, durmuş we ekologiýa ýaly durnukly ösüşiň üç ugurlarynda halkara bileleşiginiň deňeçer we toplumlaýyn çözgüdine gulluk edýär. Bu bolsa diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, sebitiň we dünýäniň bähbidi üçindir.
Biz okuw maslahatyna gatnaşan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary Joragül Halbaýewa bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol:
— Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda zenanlaryň mertebeli orny bar. Bu gün biz nesil terbiýesi bilen birlikde döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli babatdaky ösüş-özgerişlerine-de goşant goşup bilýäris. Döwlet tarapyndan uly goldawa, kanun taýdan berk goraga eýe zenanlarymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bitirýän işleri öwgä mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ýöredilýän gender syýasaty aýallaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna deňhukukly gatnaşmagyny kepillendirýän çäreleri işläp taýýarlamaga, deňhukuklylygyň konstitusion ýörelgesini durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Hut şu nukdaýnazardan hem hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji ýubileý mejlisinde eden çuň manyly taryhy çykyşynda gender deňliginiň ählumumy ösüş strategiýasynyň esasy bölegi bolup durýandygyny aýratyn nygtady.
Gender deňligini gazanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda kabul edilen «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda aýallaryň erkekler bilen bir hatarda döwletiň we jemgyýetiň ähli çygyrlarynda deň hukukdan we mümkinçiliklerden peýdalanmaklarynyň kepili bolup durýar. Bu okuw maslahatynda çykyş eden alym, lukman zenanlarymyz hem döwrüň bu möhüm wezipeleri barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şonuň bilen bir wagtda ol çykyşlarda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda zenanlara goýulýan çuňňur hormat-sarpa soňsuz alkyşlar ýaňlandy — diýip, gürrüň berdi.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com