Çäreler guralýar

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýur¬dumyzda Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy bütin ýylyň dowamynda dürli çäreleri, dabaralary geçirmek bilen mynasyp bellenilip geçilýär. 
Ýurdumyzyň çar künjeginde akyldar şahyrymyza bagyşlanyp ylmy-amaly maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, aýdym-sazly dabaralar geçirilýär. 

Magtymguly adyndaky TDU-da ýylyň dowamynda Magtymguly atamyzyň 290 ýyllygy mynasybetli yzygiderlilikde uniwersitet derejesinde, şeýle-de her bir fakultetlerde aýratynlykda dürli çäreler guralýar. Şeýle çäreleriň biri noýabr aýynyň başynda Magtymguly adyndaky TDU-nyň Zenanlar guramasy, Kärdeşler arkalaşygynyň we geografiýa fakultetiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň hem-de kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda «Edebi mirasym» ady bilen geçirildi. Bu çäräniň dowamynda geografiýa fakultetiniň talyplarynyň arasynda Magtymguly Pyragynyň goşgularyny çeper hem-de labyzly okamak, dana şahyrymyzyň ömri we döredijiligine degişli barlagnamadaky soraglara jogap bermek, şahyryň goşgulary bilen bagly krassword çözmek boýunça bäsleşikler guraldy, şeýle-de Magtymguly atamyzyň durmuşyndan bir parça sahnalaşdyryldy. Bu geçirilen çärä talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Magtymguly atamyzyň dürli temadan ýazylan goşgularyny ýatdan hem-de çeper okadylar. Geografiýa fakultetiniň talyplary bilen uniwersitetiň Magtymguly muzeýinde söhbetdeşlik guraldy. Bu çäre Magtymguly şaýolunyň ugrundaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy bilen jemlendi. 

Şeýle dabaralaryň, döredijilik duşuşyklaryny guramagyň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi akyldar şahyrymyzyň her bir goşgusy, onuň her bir bendidir setirleri akyl-parasada, pähim-paýhasa eýlenendir. Onuň «Edebiň ýagşysy ulyny syla, Ulyny aglatmak kiçä ýaraşmaz» ýa-da «Sadadan bolsun — türkana» ýaly goşgy setirleriniň atalar sözlerine öwrülmegi türkmen halkynyň oňa sarpasynyň belentligini we onuň goşgularynyň çuňňur many-mazmuna eýedigini ýene bir gezek aýdyň görkezýär. Geljegimiz bolan ýaş nesillere terbiýe bermekde hem dana şahyrymyzyň goşgularynyň ähmiýeti örän uludyr. Uniwersitetiň Zenanlar guramasynyň guramagynda hem «Bir gadrym bilen islärin» atly çäre geografiýa hem-de türkmen dili we edebiýaty fakultetleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirildi. Zenanlar guramasynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda bu çäräniň dowamynda hem dana şahyrymyzyň goşgularynda gelin-gyz edebi barada giňişleýin söhbetdeşlik geçirildi. «Kerem islärin», «Her ýana», «Durasyň geler», «Oturyp-turuşyn görüň» atly goşgulary talyp gyzlar labyzly okadylar. Soňra şu goşgularyň setirlerinde gelin-gyz edebi barada aýdylan pähimler dogrusynda giňişleýin söhbetdeşlik boldy. Dabaranyň dowamynda dana şahyrymyzyň goşgularyndan talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde aýdymlar aýdyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda ýurdumyz ähli ugurlar boýunça ösýär özgerýär, aýratyn-da ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmekde, ony dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmekde uly işler amala aşyrylýar. Akyldar şahyrymyzyň 290 ýyllygyny ýurdumyzda giň gerimde belläp geçmäge badalga berilmeginiň ýaş nesillere milli ruhda terbiýe bermekde ähmiýeti egsilmezdir. 
Hormatly Prezidentimize ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmekde alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri üçin uly sagbolsun aýdýarys. Geljekde hem il ähmiýetli, ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris! 

Gurbanbibi NEPESOWA
Magtymguly adyndaky TDU-nyň geografiýa fakultetiniň mugallymy, 
fakultetiň zenanlar guramasynyň başlygy.
15.11.2014ýyl

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com