Magtymguly pyragynyň gyz-gelinlere hormaty

 Türkmen halkynyň beýik akyldar şahyryna halkara derejesinde uly hormat goýulmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň medeni-edebi durmuşynyň dünýä derejesinde belende göterilýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly durmuşyň ähli meseleleri hakynda öz pikirini, çuň filosofiki garaýşyny beýan edipdir. Şahyr durmuşyň hemme meselesini çeper derejede beýan etmek bilen, halkyň milli ýörelgesine uly hormat goýýandygyny aýdyň görkezipdir. 
Şahyr gyz-gelinlere uly hormat goýýandygyny döredijiliginde yzygiderli beýan edipdir. Durmuşda, maşgalada gyz-gelinleriň perzent terbiýesinde ajaýyp häsiýeti kemala getirmekde ornunyň uludygyny nygtaýar. Liriki gahrymanyň gyz-gelinlerde görmek isleýän häsiýetleri çeper görnüşde açylýar. Ynsan öz ömründe eşretli durmuşda, agzybir ýaşamagy arzuw edýär. «Gözel bardyr, gözellerden zyýada» diýip, liriki «men» gözel sözüniň mazmunynda daşky görnüşiň owadanlygyndan içki dünýäniň ajaýyplygyny esasy orunda goýýar. Zenan hereketi ýumşaklyk, näziklik, edalylyk bilen içki mazmuny baýlaşdyrýar. Içki ahlak gözelligi ynsanyň ýakymly duýgularyny, özüne çekiji ruhy halaty oýandyrýar. «Gözel» sözüniň mazmunyna ahlaklylyk duýgusy siňdirilipdir. Liriki gahrymanyň görmek isleýän keşpleri edebi suraty öz-özünden jemlenýär. 

Daşky gözelligiň göze ýakymly tolgundyryjy ahwalatynyň zenan maşgalanyň içki, ruhy dünýäsinde jemlenen hoş sözlülik bilen ugurdaş bolmagy zeruryýet bolup durýar. Hoş gylykly, asylly, sypaýy, sada gözelleriň waspyny belent ruhda ýetirýän liriki gahrymanyň duýgusy onuň köňül arzuwlaryna güýç berýär. Her bir maşgalada girip-çykyşy edaly, güler ýüzli, hoş sözli zenanyň bolmagy şol öýüň il içindäki hormatyny beýgeldýär. Şol maşgalada kemala gelen perzentleriň hem köpçülikde abraýly, mertebeli adamlar bolup ýetişmegine uly täsir edýär. Gözeliň belent adamkärçiligi dünýäniň ähli maddy baýlygyndan ýokarda goýulýar. Magtymgulynyň liriki gahrymany köpçülige degişli şol mukaddes duýgyny çeper röwüşde beýan etmegi döwrüň döredijilik mekdebiniň talaby esasynda çeper görkezýär. 
Mert ýigidiň gözel ýarynyň bolmagy onuň il içindäki mertebesini belende galdyrýandygy hakyndaky düşünje şahyryň döredijiliginde iň köp ýüzlenen temasy bolup durýar. Güler ýüzli zenan maşgalany günde görmek jennede deňelipdir. Magtymguly türkmen gyz-gelinlerine uly hormat goýupdyr. Olary maşgalanyň abraýyny, mertebesini goraýjy, ahlak taýdan kämil ynsanlar hasaplaýar. Olaryň el hünärine ökde bolmagy, biş-düşden baş alyp çykmagy şol öýüň dokuzyny zerurlyk hasaplanylýar. Şeýle zenan maşgalanyň mertebesi ähli baýlykdan ýokarda goýulýar. Şahyr türkmen gözeliniň edep-terbiýesiniň nusgalyk derejededigini beýan etmäge halkyň aslynyň mukaddes terbiýeçilik ýol-ýörelgesinden ugur almagyny özüne çelgi edinýär. Ezeli zat ebedidir diýen pikiriň daşynda filosofiki garaýyşlar kemala gelýär. Milletiň milli mekdebi tutuş halkyň ahlak borjuny belent derejelere çykarýar. Ýaramaz häsiýetler hiç bir ynsanyň kalbyna, göwnüne ýakmaýar. Her kim gowulygyň, gözelligiň aşygy. Türkmen halkynyň ençeme müňýyllyklaryň synagyndan geçip, kemsiz sünnälenip, ata-babalarymyz tarapyndan döredilen medeni we ruhy gymmatlyklary özünde jemleýän, olary nesilden-nesle ýetirip gelen baý edebi mirasy bar. Hormatly Prezidentimiz şol baý edebi mirasymyza aýawly garamagy, onuň egsilmez çeşmelerinden ýerlikli peýdalanmagy hemişe sargyt edýär. Magtymgulynyň döredijilik mirasy halkymyzyň gymmatly edebi mirasy bolup durýar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewe ýugrulan her bir setiri ýaş nesiller üçin terbiýeçilik mekdebi bolup durýar. Maşgaladaky gyzlaryň öz enelerinden ýagşy görelde, edep-terbiýe öwrenmegi olaryň şahsyýetinde ajaýyp häsiýetleriň, ahlak gözellikleriniň kemala gelmegine getirýär. 
Halkymyzyň şeýle ajaýyp mukaddes terbiýeçilik ýolunyň dowamat-dowam bolmagy türkmen gyzlarynyň daşky hem içki gözelliklerini nusgalyk derejä çykarýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen ýaşlarynyň halkymyzyň mukaddes terbiýeçilik mekdebi esasynda terbiýe alyp, olaryň ynsanperwer, rehimli, mylaýym, dogruçyl, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegine ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz ýaşlarymyzyň edepli, terbiýeli, hünäre höwesli raýatlar bolup ýetişmegini döwlet meselesiniň baş maksady edip goýýar. Akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň döredijilik mekdebi bolsa ýaşlarymyz üçin gymmatly edep hazynasydyr. 
Gülälek ANNANEPESOWA, 
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil we edebiýat 
institutynyň dalaşgäri.
25.11.2014ýyl

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com