Döwür. Millilik. Edep

Dünýä döräp, adamzat taryhynyň gatlaryna siňip giden, dillerden-dillere dessan bolup, rowaýata öwrülip biziň günlerimize gelip ýeten edep-terbiýe baradaky gürrüňleriň gymmaty şu günki günlerimizde-de egsiler ýaly däl. Gaýta, durmuş kämilleşdigiçe, adamy hem kämillige iterýär, kalbymyzda bar bolan gözellikleri oýarmaga ýardam berýär. Ylaýta-da, gelin-gyzlarymyzyň edep-terbiýesi dogrusynda söz açan mahalymyz muňa has hem aýdyň göz ýetirýäris. Ynha, «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasynyň ýurdumyzyň dilleri senaly eneleriň, bilim işgärleriniň, žurnalistleriň gatnaşmagynda «Döwür. Millilik. Edep» ady bilen gurnan söhbetdeşligi hem hut şu barada boldy. Söhbetdeşligi žurnalyň baş redaktory Maýsa TAÝJYKOWA açdy:
— Hormatly myhmanlar, ilki bilen, sizi tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşligimizde hoş gördük! Sözümiň başynda şu günki bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşynda duran abadan-asuda Watanymyzda erkana ýaşamagymyza, döredijilikli, halal zähmet çekmegimize giň mümkinçilikleri açyp berýän, bütin dünýäde parahatçylygyň üpjün edilmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize halkymyzyň guwanjynyň, buýsanjynyň çäksizdigini nygtamak isleýärin. Bir jemgyýete baha berjek bolanlarynda, ilki bilen, şol ýerde zenanlara goýulýan hormat-sarpanyň näderejededigi gyzyklandyrýar. Çünki zenan mähek daşyna deňelýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlarymyza goýulýan sarpa has hem ýokary göterildi. Döwletimiz tarapyndan köp işler durmuşa geçirilýär. Biz hem şu beýik işleriň sakasynda duran eziz Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşip, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumlaryny žurnalymyzyň üsti bilen halkymyza yzygiderli ýetirip durýarys. Durmuşda zenanlaryň paýyna düşýän jogapkärçilik kiçi-girim däl. Maşgala ojagynyň ýylysy, dünýämiziň ýaraşygy hasaplanylýan gelin-gyzlarymyzyň bezegi, olaryň edep-ekramy bolup durýar. Şular dogrusynda pikir alyşmak üçin dürli kärde zähmet çekýän, dürli ýaşdaky zenanlarymyzyň birnäçesini söhbetdeşlige çagyrdyk. Geliň, edep-terbiýe meselesinde öz garaýyşlarymyzy, tekliplerimizi açyk hem ýürekdeşlik bilen paýlaşalyň!

Oguljemal GELDIÝEWA, Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň Bekrewe şäherçesiniň ýaşaýjysy, hormatly dynç alyşdaky ene:

— Döwür ösýär, durmuş özgerýär. Şonuň bilen bir hatarda, ýaşlarymyzyň terbiýesinde-de üns berilmeli ýagdaýlar kän bolýar. Internet, el telefony diýen ýaly hyzmatlaryň bolmagy ösüş-özgerişden nyşan. Emma durmuşda onuň ýaş gyzlaryň terbiýesine başgaça täsir edýän halatlaryna-da häli-şindi gabat gelinýär. Internet arkaly tanşyp, tanamadyk-bilmedik oglany bilen durmuş gurup, soňra puşman edýän gyzlar-da bar. Şonuň üçin ene-atalar gyz maşgalanyň terbiýesine üns bermeli. Çagalary nirede, näme işläp ýör, kim bilen gürleşýär, soramaly, idemeli. Gyz maşgala-ha boş wagtlaryny peýdaly el işlerini öwrenmäge sarp etse gowy bolar. Öýde ene-atalar, mekdepde mugallymlar şu zatlara-da üns bermeli. Gyzlar öz geýjek köýneklerini tikip, nagyşlap bilseler işiň ulusy şol.

Tawus ANNAMUHAMMEDOWA, «Owadan» hyzmat ediş öýüniň milli tikinçilik bölüminiň hünärmeni:
— Oguljemal ene, gaty dogry bellediňiz. Hakykatdan hem, gyzlarymyzyň edep-terbiýeli bolup ýetişmekleri üçin el işleriniň täsiri uly. Eliňe iňňe-sapak alyp, işiň başyna geçersiň welin, kalbyňy arzuw-hyýallar gaplap alar. Onsoň şol arzuwlar on barmagyň hünärinden dörän owadan nagyşlara öwrüler-de, ilden-ile ýaýrap gidiberer. Göreniň gözüni gamaşdyrýan el işlerimizi ene-mamalarymyz şu günlere ýetiripdirler. Biz hem kämilleşdirip, baýlaşdyryp öwrenenlerimizi gyz-gelinlerimize ýetirmekde yhlasymyzy gaýgyrmarys. Häzirki döwürde zenanlarymyzyň milli egin-eşiklere bolan islegi ýokary. Ýanly biçüwleri hem döwrebaplaşdyryp geýmäge höwesleri uly. Ýene bir aýdasym gelýän zat, hormatly Prezidentimiz bize täze binany açyp bermek üçin gelende, üns beren zady el işleri boldy. 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga geljek myhmanlara hem milli sowgatlyklarymyzy taýýarlap hödürlemek barada tabşyryklar gelýär. Sebäbi biziň milliligimiz dünýäni haýrana goýýar. Žurnalyň sahypalarynda hem el işleri, milli nagyşlarymyz barada köpräk makalalar çap edilse, ýaşlarymyza täsiri uly bolarmyka diýýärin. Umuman, gyz-gelinlerimiz el işleri bilen köpräk meşgullansalar, milliligimiz has hem baýlaşar.

Annagözel DURDYÝEWA, Aşgabat şäherindäki 79-njy orta mekdebiň mugallymy:
— Häzirki döwürde mekdep okuwçylarynyň bilimine, terbiýesine uly üns berilýär. Olaryň dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilmekleri üçin bimöçber aladalar edilýär. Eýýäm birinji synpa gelenlerinde okuwçylara hormatly Prezidentimiziň kompýuter sowgat bermegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ösen döwürde, eşretli zamanada ýaşaýarys. Ýaňy Oguljemal enemiz internet, el telefonlary barada dogry belledi. Elbetde, ol hyzmatlardan peýdalanmaly, ýöne olary ýerlikli ulanmaly. Onuň üçin ene-atalar bilen bilelikde işlemeli bolýarys. Çaganyň mekdepde alan terbiýesi bilen ene-atalaryň öýdäki terbiýesi deň gelmese, azabyň biderek bolýar. Sebäbi mugallymyň bir özi okuwçylar bolsa onlarça, hersi aýry-aýry maşgalanyň terbiýesini alan çagalar. Esasy terbiýe maşgaladan başlanyp, ýene-de maşgalada berkidilýär. Okuwdan soň wagtynda öýe geldimi, nirede bolupdyr, näme işläpdir ene-ata bilmeli. Mugallymlar bilen ene-atalar bilelikde hereket etseler, has gowy netije berýär.

Maýagözel SAHYDOWA, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy:
— Hormatly Prezidentimiz ýaşuly nesle, ýaş çagaly, köp çagaly enelerimize uly sarpa goýýar. Bahar baýramynda enelerimizi, gyz-gelinlerimizi hormatlap, dabaraly ýagdaýda sowgatlar gowşurýar. Şoňa jogap edip elimizden gelenini gaýgyrman, halal zähmetimiz bilen ösüşlerimize bat goşmak borjumyz bolup durýar. Gurup berýän ýaşayýş jaýlary ýokary amatlykly. Durmuşymyz şeýle bir aňsatlaşdy, ylaýta-da, gelin-gyzlaryň işi ýeňilleşdi. Şu zatlaryň gadyryny bilmeli. Boş wagtyňy peýdaly işler bilen meşgullanmaly. Biz, esasan, zenanlar guramasy bilen bilelikde talyplarymyzyň arasynda köp işleri geçirýäris. «Zenan kalby» žurnalynyň sahypalarynda çap edilýän makalalary okap, pikir alyşýarys. Ýörite halypa sagatlarymyz işleýär. «Gözel bardyr gözellerden zyýada», «Edep bagtyň gözbaşydyr», «Gyz edebi uz edebi» ýaly mowzuklarda çäreleri gurnaýarys, pikir alşyp, talyp gyzlarymyz bilen edil eneli-gyz ýaly gatnaşykda bolup düşündiriş işlerini alyp barýarys. Esasy gyz çagany kiçilikden terbiýelemeli. Ene gyzy bilen syrdaş bolmaly. Ene-mamalarymyz perzentlerine hüwdiniň üsti bilen terbiýe beripdirler. Çünki gyz kişi maşgalasy. Seniň eliňden gideninden soň bir ojagyň gapysyna baryp gelin bolmaly, çaga terbiýelemeli. Özünde terbiýe bolmadyk maşgala, şol zatlaryň hötdesinden gelmegiň kyn düşjegi görnüp duran hakykat. Bir zady unutmaly däl, birek-birege hoş sözli bolmaly.

Ogsoltan ORAZDURDYÝEWA, «Galkynyş» gazetiniň uly habarçysy, baýry žurnalist:
— Gowy zatlar aýdyldy. Jemgyýetimizde ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly ajaýyp ýörelgelerimiz bar. Halkymyzyň owaldan gelýän şol däbini wagyz etmekde, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi terbiýelemekde habar beriş serişdeleriniň, gazet-žurnallaryň paýyna uly wezipeler düşýär. Ynsana sözüň güýji bilen täsir etmeli. Biziň öz gazetimizde hem edep-terbiýe barada ýörite rubrikamyz işleýär. Oglan çaga bolsun, gyz çaga bolsun çagalara kiçilikden terbiýe berip başlamaly. Ýaramaz sözleri diline almaz ýaly, häli-şindi öz göreldämiz bilen, gulaklaryna guýup durmaly. Telefon, internet, telewizor ýaly hyzmatlardan peýdalananlarynda gözegçilik edip durmaly. Köp ulansaň, saglygyňa edýän zyýanly täsiri barada düşündirmeli. Sebäbi biziň geljegimiz häzirki ösüp gelýän ýaşlara bagly. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin köp şertler döredip berýär. Ýaşlar hem öz gezeginde edep-terbiýeleri, alan bilimleri, halal zähmetleri bilen Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmaly.

Žurnalist Keýik Umarowa:
— Şu ýerde men çaga terbiýesinde mugallymyň mynasyp ornunyň bardygyny aýratyn nygtasym gelýär. Sebäbi mugallym ene-atadan soň görelde mekdebi bolup durýar. Edenine däl diýilse, çagalarymyzyň: «Mugallym aýtdy, mugallym şeýle diýdi» diýýän wagtlary durmuşda kän gabat gelýändir. Kähalat okuwçy üçin mugallymyň aýdany ýazylmadyk kanun ýalydyr. Gyzlar bilen köpräk gürrüň geçirip, durmuşdan alnan mysallar arkaly düşündiriş işlerini geçirmeli. Bu babatda, elbetde, ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde, zenanlar guramalarynda ýaş gyzlaryň edep-terbiýesi bilen bagly meselede yzygiderli işler alnyp barylýar. Biziň şu günki söhbetdeşligimiziň hem täsiri bolar diýip ynanýarys. Söhbetdeşligimize gatnaşyp, beren täsirli gürrüňleriňiz üçin redaksiýanyň döredijilik toparynyň adyndan köp sagbolsun aýdýarys. Nurana enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy çuňňur alada, egsilmez söýgi bilen gurşap alan mähriban Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar geljegimiz ugrunda alyp barýan belent tutumly işlerinde egsilmez rowaçlyklar arzuw edýäris.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com