Zenan-zemin zynaty

Golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda şäheriň işewür zenanlarynyň gatnaşmagynda “Zenan-zemin zynaty” ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Ony şäher häkimligi şäheriň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurady.
Dabaraly maslahaty Daşoguz şäher häkiminiň orunbasary, şäheriň zenanlar guramasynyň başlygy Mährijemal Garajaýewa açdy we zenanlaryň döwrebap ýaşaýyş-durmuşy ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladalar, Gahryman Arkadagymyzyň olaryň abraý-mertebesini has-da arşa götermekde alyp barýan beýik işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň etdi.
Taryhyň çuň gatlaryna baky ornan, dürli döwürlerde beýik döwletleri guran türkmen milleti owal-ahyr zenan-gyzlary sarpalap, olary halallygyň, başarjaňlygyň, wepadarlygyň belent nusgasy hökmünde mertebeläpdir. Bu ata-baba asylly ýörelgeler biziň häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe-de öz gymmatyny ýitirmezden, täze mazmun bilen has-da baýlaşdyryldy. Hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap gelin-gyzlarymyz, enelerimiz hakdaky aladalary döwlet syýasatynyň baş ugruna öwürdi. Körpeje gyzjagazlardan başlap kümüş saçly enelerimize çenli ählisine her ýyl pul sylaglarynyň gowşurylmagy, hormatly atlaryň dakylmagy, öňdebaryjy zenanlarymyzyň orden-medallar bilen sylaglanmagy, kanuny hukuklarynyň berkidilmegi, hukuk deňliginiň ykrar edilmegi ýaly aladalar zenanlaryň döwlet derejesinde mertebelenmeginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle buýsançly gürrüňler Marynyň H.Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Maral Annagulyýewanyň “Kitaby dädem Gorkut eposynda gelin-gyzlaryň ahlak keşbiniň beýany”, Daşogzuň B.Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Şeker Orazberdiýewanyň “Türkmen gelin-gyzlarynyň medeni, milli aýratynlyklary”, “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň direktory Tyllagözel Amanowanyň “Edebi mirasym-ebedi mirasym”, welaýat çagalar sungat mekdebiniň direktorynyň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, bagşy Almagül Nazarowanyň “Halk dessanlarynda türkmen gelin-gyzlarynyň millilik äheňleri”, Daşoguz şäherindäki 28-nji orta mekdebiň mugallymy Suraý Saparowanyň “Türkmen gyzlarynda milliligiň nusgasy”, Daşogzuň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, şahyr Göwher Ahmedowanyň “Türkmen zenanynyň nusgalyk keşbi” diýen nutuklary boýunça çykyşlarynda giň beýanyny tapdy.
Zenanlar baradaky baý mazmunly gürrüňleriň dowamy bagşy-sazandalaryň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Özboluşly sazlaşygyň emele getiren ýakymly täsirleri dabaraly çärä gatnaşanlaryň kalbynda baky orun aldy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com