UZ BARMAKLARYN GUDRATY

Halkymyzda ynsanperwer işleri etmek, sogap gazanmak durmuşy bezeýän iň ajaýyp häsiýetler hasaplanylýar. Bu milli ýörelge parasatly Prezidentimiziň badalga beren ajaýyp zamanasynda ynsan mertebesine goýulýan belent hormatyň derejesinde goldanyp, mynasyp dowam etdirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe baý taryhymyzy, milli mirasymyzy öwrenmäge uly ähmiýet berilýär. 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa ulus-ilimiziň başyny göge ýetirdi. Şu mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerinde aýdym-sazly medeni çärelerdir dabaralar geçirilýär.
Paýtagtymyzdaky 84-nji orta mekdepde Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly bilen baglanyşykly «Gadymy hem müdimi senet — türkmen halysy» atly çäre geçirildi. Onda ussat halyçylar bilen döredijilik duşu-
şygy boldy. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda halkymyzyň gadymdan gelýän medeni mirasy bolan türkmen halysyna bagyşlanyp
geçirilen bu çärä paýtagtymyzyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçy gyzlary we bilim işgärleri gatnaşdylar.
Gyzykly hem täsirli geçen duşuşykda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň önümçiligi guramak bölüminiň hünärmeni Maral Amanjaýewa, paýtagtymyzdaky «Çeper» halyçylyk kärhanasynyň ussat halyçylary Gültäç Orazowa, Şirin Almämmedowa, Gökdepe şäherçesiniň ýaşaýjysy, ussat halyçy Gülälek Orazowa we beýlekiler çykyş edip, päk niýete, halal zähmete ýugrulyp döredilýän halylaryň milletimiziň mertebesini hemişe belende göterip gelen, dünýä meşhur ruhy baýlygymyzdygyny, halkymyzyň göz-guwanjy bolan bu milli senedimiziň dowam etdirilmeginde özleriniň hem goşant goşýandyklaryna buýsanýandyklaryny aýtdylar. Şeýle-de olar ýaşlara haly bilen baglanyşykly örän täsirli rowaýat-
lary, geçmişiň käbir anyk wakalaryny gürrüň berdiler. Halyçylygyň ýaş gyzlar üçin ajaýyp el hünäridigini nygtadylar. Haly dokamagy öwrenmek isleýän gyzlar üçin okuwdan boş wagtlary haly kärhanasyna gelip, haly dokamagy öwrenmäge mümkinçiligiň bardygyny hem aýtdylar. Duşuşykda çykyş edenler türkmen halkyny şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözleri aýdyp, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde, hünäre ugrukdyrmakda şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň uly ähmiýeti bardyr. Ene-mamalarymyzyň belent ruhy, pähim-parasady, öwüt-ündewleri siňen türkmen halylary biziň hemmämiz üçin bahasyz gymmatlykdyr, geçmişden şu güne çenli gelip ýeten we geljekde-de dowam etdiriljek ajaýyp sungatdyr.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com