Ene süýdi — sagdyn çaga

Çaganyň sagat ösmegi üçin ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň wajypdygy hemmä mälimdir. Çaga ene süýdi bilen näçe dowamly iýmitlendirilse, şonça-da onuň saglygynyň berk bolýandygy barada köp sanly ylmy maglumatlarda hem bellenilýär. Geçmiş taryhymyzda ene-mamalarymyz çaganyň özi daş-töwereginden utanyp goýýança, dowamly emdiripdirler we sagdyn çagalary kemala getiripdirler.
Wagtyndan öň çagasyny emdirmegi bes eden eneleriň käbiri bilen gürrüň geçirilende, onuň birnäçe sebäpleri ýüze çykýar. Esasan, eneleri şübhelendirýän, olaryň ynamyny gaçyrýan ýagdaýlar süýdüň ýeterlik boljakdygy, onuň düzüminiň çagasy üçin talabalaýyk iýmit bolup biljekdigi bilen baglydyr. Eneler, köplenç, körpejelerde 3 aýlyga çenli duş gelýän garyn sanjylaryny, garyn ýellenmesini, täretiniň ýygyrak bolmagyny ene öz süýdüniň ýaramsyzlygy diýip düşünýärler. Ene süýdi suw ýalydyr ýa-da «mikrob» bardyr diýen gorky bilen emeli süýtleri berip başlaýarlar.
Ýöne bu şübhelenmeler esassyzdyr, bularyň hemmesi düzedip bolýan ýagdaýlardyr. Onuň üçin enäniň dogry düşünmegini, daş-töweregindäki bu ugurdan tejribeli adamlaryň hem dogry maslahat we gerekli goldaw bermegini gazanmaly.
Ene süýdi çaga üçin taýsyz tebigy iýmitdir, henize çenli dünýäniň hiç ýerinde hiç kime we hiç bir gaýtadan işleýän önümçilik kärhanasyna ene süýdüniň düzümine meňzedip iýmit taýýarlamak başartmady. Emeli süýtleri öndürýän kärhanalar öz önümlerini näçe öwseler-de, mahabatlandyrsalar-da, olaryň ýokumy ene süýdüne asla meňzeş däldir. Ene süýdi janly hasaplanylýar, diňe şonda çagany ýokanç kesellerden goraýan öýjükler (immunoglobulinler) bardyr. Enäniň özünde ýokançlyklar bar bolsa, ene we onuň töweregindäki adamlar ýokanç keseller bilen keselleseler, dümewleseler enäniň süýdünde şol ýokançlyga garşy immunoglobulinler emele gelýär we emýän çagany şol ýokançlyklardan gorap başlaýar, eger-de çaga kesel ýokuşan bolsa, onda onuň tiz gutulmagyna ýardam edýär.
Ene çagany gije-gündiz ýygy-ýygydan emdirip dursa, ol diňe süýdüň köpelmegine kömek edýär, çaga bolsa enäniň ýyly gujagynda mähir alyp, süýtden doýup, özüni rahat duýýar, şeýle-de çaga dürli kesellerden goragly bolýar. Ene näçe ýygy we dowamly emdirse, esasanam, gijelerine emdirse, ene süýdi şonça-da öwezini dolup durýar hem-de tiz göwreli bolmakdan goraýar, aýallarda döräp biljek köp sanly täze keselleriň öňüni alýar.
Ondan başga-da, ene süýdüniň düzüminde çaganyň sagdyn ösmegi üçin möhüm bolan ýokumly maddalar gerekli mukdarda saklanýar, olar ýeňil siňýär we doly özleşýär. Ene süýdüniň düzümi çaganyň ulalmagy bilen üýtgäp durýar, hatda günüň dowamynda-da ösüp barýan çaganyň talaplaryna görä üýtgäp durýar. Bu artykmaçlyk diňe ene süýdüne mahsusdyr. Çaganyň akyl taýdan kadaly ösmegine ýardam edýän ýag turşusy diňe ene süýdünde saklanýandyr, ene süýdüni dowamly emen çagalaryň mekdepde okuwa ýetişiginiň ýokary bolýandygy barada birnäçe ylmy maglumatlarda hem bellenilýär.
Milli ene süýdi syýasatynda türkmen aýallaryna öňden däp bolup gelşi ýaly, çagany 2 ýaşaýança we ondan uly ýaşlarynda hem dowamly emdirmeklik maslahat berilýär. Dünýä inen pursadyndan çagalary enäniň owuz süýdi bilen emdirip başlamaly we 6 aýlyk bolýança ýygy-ýygydan, gije-gündiziň dowamynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmeklik, çaga üçin iň oňat we talabalaýyk iýmit bolup durýar. Çaganyň 6 aýy dolansoň, goşmaça naharlar berip başlamak hökmanydyr we çaga 2 ýaşaýança, ondan uly ýaşlarynda hem emdirmegi dowam etmelidir. Bu ajaýyp adatyň dowamly bolmagyna her bir ynsanyň öz goşandyny goşmagyny gazanmalydyrys.
Ýurdumyzda «Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmekligi gorap saklamak we goldamak» baradaky Milli maksatnama 1998-nji ýyldan bäri amala aşyrylýar. Körpe nesliň we eneleriň saglygy barada edilýän bimöçber aladalaryň ýene bir subutnamasy hökmünde uly buýsanç bilen bir zady bellemeli. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen nobatdaky duşuşygynda «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak hem-de wagyz etmek we çaga iýmit önümlerine bildirilýän talaplar hakyndaky» Kanunyň täze taslamasyny taýýarlamagyň meýilleşdirilmegi barada durup geçdi. Bu Kanunyň taslamasynyň taýýarlanylmagy bilen, ýurdumyzyň çaga dogrulýan gullugynyň işinde uly özgertmeler geçiriler, çagalaryň ene süýdi bilen emdirilmeginiň dowamly bolmagyna uly ýardam eder. Bu bolsa mähriban Arkadagymyzyň eneler we çagalar baradaky aladalarynyň bimöçberdigini görkezýär.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com