ZENAN HUKUKLARY DABARALANÝAR

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň bilelikde guramagynda, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylyna bagyşlanyp, «Gender deňligi we Türkmenistanda zenanlaryň jemgyýetde tutýan orny» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleri, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Onda çykyş edenler ýurdumyzda zenanlaryň we çagalaryň hukuklarynyň kadalaşdyrylmagynyň Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan içeri syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini, eneligiň we ýaş nesliň durmuş-ykdysady taýdan goraglylygy, zenanlaryň zähmeti, durmuşy we dynç almagy, olaryň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna gatnaşmagy babatda amala aşyrylýan işleriniň ýokarydygy barada belläp geçdiler.
Şeýle-de olar Türkmenistanyň dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine üstünlikli goşulmak bilen, hukuk goraýjy ulgamda maksada gönükdirilen işleri geçirip, dürli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýändigini bellediler. Ýurdumyzda Gender deňliginiň üpjün edilmegi esasynda zenanlaryň jemgyýetde tutýan ornunyň deň derejededigi dogrusynda aýratyn belläp, zenan mertebesini belende göterýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com