Işewür zenanlar

Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli aladasy, goldawy bilen jemgyýetimiziň işewür bölegi kemala geldi we türkmen telekeçileri Watanymyzyň gülläp ösmegi, ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň artmagy ugrunda ýadawsyz işläp, öz başarjaňlyklaryny görkezýärler. Gysga wagtyň içinde hususy pudak milli ykdysadyýetiň işjeň güýjüne öwrüldi. Munuň şeýledigini ykdysady görkezijiler hem aýdyň görkezýär.
Diňe bir 2015-nji ýylyň özünde telekeçiler tarapyndan ýerine ýetirilen senagat önümçilik işleriniň möçberiniň 515,2 million manada ýetirilmegi hem hususy bölegiň ykdysady-önümçilik kuwwatynyň çalt depginlerde artýandygyny görkezýär. 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende, bu ugurda gazanylan ösüş 123 göterime barabar boldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyzda telekeçi zenanlar hem uly hormatdan peýdalanýarlar. Olaryň telekeçilik ulgamyndaky işleri bilen diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem bütin dünýäde tanalmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda gyz-gelinlere, şol sanda telekeçi zenanlara goýulýan sylag-sarpa olaryň başyny göge ýetirýär. Bahar paslynyň gelmegi bilen Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk dabaralarynyň hem sany artýar.
Düýn Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň mejlisler zalynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp «Bahara görk berer gelinler-gyzlar» atly çäre hem baýramçylyga bagyşlandy. Dabarada çykyş edenleriň arasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy Meretmuhammet Täçmuhammedow, partiýanyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygynyň orunbasary Dädebaý Nazkulyýew, partiýanyň Merkezi Geňeşiniň iş dolandyryjysy Merdan Orazmyradow bar. Boýdan-başa aýdym-saza beslenen baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň aýdym-saz toparynyň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň aýdymçy-sazandalarynyň, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň skripkaçylar toparynyň çykyşlary ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Dabaranyň soňunda telekeçilik işinde tapawutlanyp zähmet çekýän zenanlara Hormat hatlary hem-de baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Olar özleriniň döredijilikli işlemegi üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýtdylar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň ýerlerdäki guramalary hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän ähli çärelere işjeň gatnaşýarlar. Bahar paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işlerine girişilýär. Bu işde ähli telekeçiler, şol sanda partiýa agzalary işjeňlik görkezýärler. Welaýatymyzda häzir bag ekiljek meýdanlar gözden geçirilip, nahallar taýýarlanylýar. Şu ýylyň 5-nji aprelinden — 5-nji maýy aralygy “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygy diýlip yglan edildi. Biz hem bu çäräniň ýokary guramaçylykly geçirilmegine taýýarlyk görýäris. Çäräni geçirmegiň meýilnamasynda köpçülikleýin bedenterbiýe bilen birlikde, dürli sport çärelerini guramak, ýaryşlara işjeň gatnaşanlary gymmat bahaly sowgatlar bilen höweslendirmek göz öňünde tutulýar.
Pursatdan peýdalanyp, telekeçilere döredýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň nurana ömrüniň uzak, janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com