ÝAPYK BINALARDA WE SÖWEŞ SUNGATY BOÝUNÇA V AZIÝA OÝUNLARY

“Arşyň nepisligi” atly kitap barada

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän ýurdymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda dana pederlerimizden, ene-mamalarymyzdan miras galan, asyrlaryň jümmüşinde sünnülenip, çeperligi, nusgawylygy bilen biziň günlerimize ýetirilen milli gymmatlyklarymyzyň, medeni baýlyklarymyzyň, edebi eserlerimiziň many goýazlygyna parh goýmagyň, gadyr-gymmatyny sarpalamagyň ýylydyr. Milli mirasymyz barada söz açylanda, gözümiziň öňünde ynsan balasynyň içki dünýäsiniň sazlaşygyndan, ýüreginiň görkünden, süňňüniň halallygyndan, taýsyz gujur-gaýratyndan, ýiti zehininden emele gelýän dokmaçylygyň aňrybaşy hasaplanýan türkmen halysy janlanýar.
Türkmen gelin-gyzlarymyzyň irginsiz zähmetinden, çeper elleriniň ezberliginden, çalasynlygyndan, üstünliginden peýda bolýan ajaýyp sungat eseri - elhalylary göreni haýran edýär. Haly haly bolýança oňa ummasyz zähmet siňdirmeli, birentek hysyrdyly, güzaply ýollary külterlemeli. Azaby, hysyrdysy ýetik şol ýollar süýji arzuwlara sapanda işi has-da ýeňleýän türkmen zenanlarynyň halallyga gol beren täsin dünýäsi mydama arzyly umytlarda.
Haly-türkmenler üçin uly muikaddeslik, ol ýöne bir el hünäri däl-de, ähli arzuwlaryň, umytlaryň bir ýere jemlenen nusgasydyr. Meniň bu buýsançly sözlerim ajaýyp sungat eserine höwes, söýgi eýlenen, syrly hem täsin dünýäsini, tutuş ömrüni jadyly senede bagyş edýän mährem gelin-gizlarymyza degişli. Sebäbi türkmen gelin-gyzlarynyň inçe sungatyna ýokary baha berýän, hormat goýýan Hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan çykan täze kitabynda “Arşyň nepisligi” atly kitabynda türkmen halysy we ony döreden türkmen gelin-gyzlary barada gürrüň edilýär.
Hormatly Prezidentimiz “Arşyň nepisligi” atly kitabynda “Halkymyzyň edep-terbiýesinde 3 sany aýratynlygy görýärin”. Olar:
1. Akyl terbiýesi
2. Beden terbiýesi
3. Ukyp başarnyk terbiýesi diýip belleýär.
Dogrudan hem haly inçe sungat. Halynyň ajaýyp, nepis bolmagy üçin hökman oňa yhlas, zehin gerek. Halynyň nagşyny saýlamak, olary öňkülerden tapawutlandyrmak üçin täze nagyşlary döretmek, dürli reňkleri bermek üçin boýaglary saýlap almak we taýýarlamak işleri üçin akyl we zehin gerek bolýar.
Ikinjiden bolsa halyny çitmek üçin saglyk, güýç kuwwat gerek. Sebäbi darak urulanda tutuş beden hereketlenýär. Ene-mamalarymyz gyzjagazlarymyzy haly dokatmaga başladanlarynda olaryň gaty ýadamazlygy we saglyklary üçin arasynda oýnamaklary üçin wagt beripdirler. Şeýdip gyzjagazlary haly dokamaga başladypdyrlar.
Üçünjiden halyny haly etmek üçin ukyp başarnyk gerek. Halynyň erişleri göni bolmaly, onuň çitimleri inçeden nepis bolmaly. Şeýle hem ýürekden çitilen, yhlas edilen, ähli ukyp başarnygyň şol halyda görünýän bolmaly.
Türkmenlerde haly dokalyp başlananda goňşy-golamlar, dogan-garyndaşlar haly dokaljak oýüň eýelerine, dokmaçylara “Işiňiz ileri” diýip, işleriniň ugruna bolmagyny dileg edýärler. Haly dokalyp bolandan soň bolsa “gözüň aýdyň” diýip dokmaçylary üstünlikleri bilen gutlaýarlar. Haly dokalyp gutarandan soň gelin-gyzlarymyz halynyň ak erişlerini maňlaýlaryna daňýarlar. Bu bolsa aklygyň, arzuwlaryň hasyl bolmagy üçin niýet edilip edilýän yrymlarymyzyň biri.
Umuman hormatly Prezidentimiziň bu kitabynda beýan edilýän haly baradaky gürrüňler türkmen gelin-gyzlarymyzyň inçe sungatynyň syrlary barada.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşigiňi
Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni
B.Gaipowa

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com