OKUW-MASLAHATY

Türkmenabat şäherinde «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň, welaýat zenanlar birleşiginiň we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda ilkinji lukmançylyk kömegini bermek boýunça okuw-maslahaty geçirildi.
Oňa kärdeşler arkalaşyklarynyň, zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary hem-de lukmanlar gatnaşdylar. Çykyş edenler, esasan-da, häzirki howanyň gyzýan döwründe ýürek ganbasyş kesellerinden ejir çekýänlere, awtoulaglar hereketinde şikes ýetenlere, şeýle-de beýleki dürli ýagdaýlarda ilkinji lukmançylyk kömegine mätäç bolan raýatlara deslapky ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň ýollary we usullary barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopediki işiniň hem-de «Çaý — melhem hem ylham» atly kitabynyň ähmiýeti dogrusynda durup geçdiler.
Nurýagdy MAMEDOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Lebap welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we
medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com