Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň bilelikde gurnamaklarynda lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermek barada Lepab welaýaty boýunça okuwy

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilelikde “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň kanuny esaslanyp ýurdumyzyň welaýatlarynda lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermek boýunça okuwlary geçirmek meýilleşdirdiler.
Okuw maslahaty Lebap welaýatynda 2016-njy ýylyň 7-8-nji iýunynda geçirildi. Bu okuw Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Medenýet öýi binasynda gurnaldy. Okuw maslahatynyň dowamynda ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini gaýrygoýulmasyz ýagdaýlarda mümkinçilik döreýänçe halas etmek boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň usullary öwredildi. Bu çärä Lebap welaýatynda zähmet çekäýn işjeň zenanlar gatnaşdylar. Gatnaşyjylara Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň ýörite taýýarlykly hünärmenleri tarapyndan dürli ýagdaýlarda hemmetaraplaýyn ilkinji kömegi bermegiň düzgünleri, ilkinji kömegiň maksatlary we jemgyýetde adamzadyň birek-birege kömek bermäge borçlydygy barada aýdylyp geçildi. Adamyň saglygyna degişli kömegi bermek boýunça wajyp usullarynyň ähli görnişlerini suratlar, ýerine ýetirilen çäreler arkaly öwredilip geçirildi. Okuw maslahatynda işjeň zenanlara: Dem alyş bozulmalary, dem alyş ýollarynyň doly däl dykylmasy we olaryň dikeldiş ýagdaýlary barada; Arteriýa gan damarlary we olaryň derejesi, Ýürek-öýken janlandyrmasy, ýürek, boýun-oňurga, kelle-beýn, dyz çanak ýaly temalar boýunça usulýet okuwlary geçirildi we zenanlar öz ara kiçi toparlara bölünip sorag-jogap arkaly gyzykly okuwlary geçirip tejribe alyşdylar. Ilkinji kömegiň usullaryny üstinlikli geçen zenanlara Şahadatnamalar gowşuryldy. Geçirilýän okuwlaryň netijesi örän uludyr, sebäbi her bir ynsan durmuşda saglyga degişli we özine mahsus bolan ilkinji kömegi bermäge borçlydyr.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni B.Gaipowa

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com