Aşgabatda Gender deňhukuklylygy barada wagyz-nesihat çäresi geçirildi

2016-njy ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanda gender deňhukuklylygy baradaky syýasatyny mundan beýläkde ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen wagyz-nesihat işleri Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan geçirildi. Merkezi Geňeşiň binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň işjeň agzalary bilelikde wagyz-nesihat etdiler, olar esasanda biziň döwletimizde zenanlaryň ähli çärelere işjeň gatnaşyp, ýurdyň hemme maslahatlarynda wekilçilik edip, zenanlara döwlet syýasatynda möhüm orun berilýandigi barada nygtap bu çärä guramaçylykly alnyp baryldy. Türkmenistanda zenanlara, çagalara çuňňur hormatyň nyşanyna öwrülen, söýgüni, maşgala agzybirligini, päk ahlaklylygy şöhlenendirýän maksatnamalarda türkmen zenanlary Watanymyzyň gülläp ösmegi ugryndaky işlere çekmek üçin gelin-gyzlara giň mümkinçilikleri döredilýändigi, olaryň deňhukuklydygy barada aýdyldy. Türkmenistanda Gender deňhukuklylygy ähliumumy ösüş strategiýasynyň esasy bölegi bolup durýandygy hem-de Türkmenistanyň Kanunlarynyň birnäçesiniň taslamasyna seredilip “Aýallaryň we erkekleriň deň hukugynyň we deň mümkinçiligiň üpjün edilmeginiň döwlet kepilleri hakyndaky” Türkmenistanyň kanunyny görkezmek bolýandygy barada aýdyldy. Bu maksat ähli aýal-gyzlaryň doly gender deňligi gazanmakdan we olaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr. Bu wezipäni ýerine ýetirmek biziň umumy borjumyz we bilelikdäki jogapkärçiligimiz bolup durýändygy badara düşündirildi.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň
Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni B.Gaipowa

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com