Sagdyn jemgyýet—sagdyn döwlet

Saglyk durmuşyň bitewüligini, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýän beýik güýçdür. Islendik
jemgyýetiň okgunly ösüşleri raýatlaryň sagdyn durmuşynyň keşbi bilen berk baglanyşyklydyr. Saglyk ynsan durmuşynda iň esasy zerurlyklaryň biridir. Her bir adam saglygy, geljegi, bagtyýarlygy hakynda aladalanýar. Milli Liderimiziň ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden ýurdumyzyň saglyk ulgamyny ösdürmek baradaky başlangyçlary öňe sürmeginiň netijesinde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde Onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde «Howply täze döremelerine garşy göreş» atly bir aýlyk okuw ylmy-amaly maslahatyny geçirdi. Oňa hormatly eneler, işjeň zenanlar, lukmanlar, Zenanlar birleşiginiň işewür agzalary gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly
ýolbaşçylygynda ýurduň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda, sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmakda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy maslahatda edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Maslahata gatnaşyjy, Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň Ylmy-kliniki howply çişleriň öňüni alyş bölüminiň müdiri Maýsa Ýalkapowa şeýle gürrüň berdi:
— Ene maşgalanyň aýnasy hasaplanýar. Ýurdumyzda zenanlaryň saglygyny goramak boýunça uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň her bir raýatynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, eneligi we çagalygy goramak, sagdyn nesli kemala getirmek babatda alyp barýan asylly işleri berkarar Watanymyzyň gülläp-ösüşlerine gönükdirilýär. Diýarymyzyň çar künjünde gurlan Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş lukmançylyk merkezleri hem munuň aýdyň mysa lydyr. Sag lyk diňe bir döwletiň däl, her bir adamyň hem başynyň täjine deňeýän gymmatly baýlygydyr. Ynsana islendik maksady hasyl etmegi üçin saglyk zerurdyr.
Bereketli türkmen topragy jana şypaly melhemlere baýdyr. Magtymguly Pyragynyň şygrynda:
Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy,
Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy
— diýşi ýaly, jan saglyga deň geljek gymmatlyk ýokdur.
Lukmanlar elmydama raýatlaryň saglygynyň goragynda bolup, diňe bir wagtynda keseli ýüze çykarmak we bejermek bilen çäklenmän, eýsem, ilkinji nobatda, keselleriň öňüni almak barada-da tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Lukmançylyk ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler zenanlar hakdaky alada bilen aýrylmaz baglanyşdyrylyp alnyp barylýar. Soňky ýyllarda diňe bir kesel anyklaýyş merkezleridir hassahanalar däl, eýsem, raýatlarymyzyň saglyklaryny berkitmekleri üçin hem şypahanalaryň giden ulgamy döredildi. Olaryň binalarynyň keşbi-de, lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilişi-de dünýä ülňülerine laýyk getirilip, halkymyzyň hyzmatyna berildi. Maşgala ojagymyzyň arzymany bolan mährem enelerimiz ýurdumyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän, ömrümiziň gül-gunçasy bolan körpeje nesillerimizi ösdürip ýetişdirmekde nusgalyk işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzyň her bir maşgalasynyň sagdyn, agzybir, bagtly bolmagy üçin atalyk aladasyny edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Bilşimiz ýaly, maşgala jemgyýetiň bir bölegi. Sagdyn jemgyýet bolmagy islesek, sagdyn maşgala, sagdyn perzentleri kemala getirmeli. Bu maslahatda hem şular barada giňişleýin gürrüň edildi. Ylmy-amaly maslahatda ýeňil elli lukmanlaryň çykyşlary uly gyzyklanma bilen diňlenildi. Ajaýyp ýurdumyzda baş täjimiz bolan saglyk, bagtyýarlyk elmydama höküm sürsün diýen şygarlar beýan tapdy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2017      Email: zenan@mail.com